SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MOW

MOD

MOJ

MOZ

MOÝ

MOL

MOM

MON

MOR

MOT

MOH


MOLAM.AK. [mo:lamak], «Mo-o» edip seslenmek, gygyrmak(Sygyr, Öküz hakda). Sygyrlar ýogyn ses bilen howany ýaňlandyryp molaýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MOLAŞMAK,[mo:laşmak], Bir näçe bolup molamak, gygyrmak. Göleleriň yzly-yzyna molaşýan sesleri obany uly şowhuna salýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).Sygyrlar molaşýardylar, guzular mäleşýärdiler (B. Seýtäkow. Moskwanyň ýalkymy). Howada bulut bolman molaşyp gelýän sygyrlarň tozanlary bilen Günüň öňi çaňjaryp görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MOLDAWANLAR, Moldawiýa SSR-niň ýerli halky, esasy ilaty.


MOLEKULA, fiz., him. Maddanyň hemme himiki häsiýetlerini özünde saklaýan iň kiçijik bölejigi. Howanyň molekulalary gün yşygyndaky gök we mawy şöhleleri has güýçli dargadýarlar («Pioner» žurnaly).


MOLEKULÝAR, fiz., him. Molekula degişli bolan, molekulalara has bolan. Molekulýar formula. Molekulýar birleşmeler.


MOLLA [mo:lla], dini. 1. Musulman mekdebini gutarana berilýän ilkinji ruhanylyk ady, entek ahunlyga ýetmedik ruhany adam. Ynanjaň adamlary aldap, doga-tumar satyp ýörenler dindar mollalar däl-midi?! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Her molla öz bilenini okar, her guş öz dilinde saýrar (nakyl).

Mollada berim bolmaz, ýabyda — gerim (nakyl).

«Al» diýseň, açylar gözi mollanyň, «ber» diýseň, terk eder emrin allanyň (nakyl). Mollada berim bolmaz, sopuda — şerim. (nakyl).

Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar (nakyl).

2. kön. s. Sowat öwrediji, sowatly, mugallym. Olaryň ogly başlangyç bilimi oba mollasyn-da aldy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MOLLALYK [mo:llalyk], Mollanyň käri, ýagdaýy. Gep mollalykda däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MOLLASUMAK [mo:llasumak], Köne okuwdan sowady bolsa-bolmasa molla bolan bolup ýören adam.


MOLLATORGAÝ [mo:llatorgaý], zool. ser. T o r g a ý.

Şol bugdaýçylygň depesinde mollatorgaýlar saz edýärdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MOLLAÇAR [mo:llaçar], Ýaňy mollaçylyga ýetişip barýan, ýaňy molla bolan (adam). Ol ters okan mollaçar saňa doga eden bolaýmasyn?! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MOLLAÇYLYK [mo:llaçylyk], ser. M o l l a l y k.


MOLLÝUSK, zool. Ýumşak bedenli hem balykgulak örtükli, oňurgasyz haýwan. Perlowitsanyň beýleki organlary bilen tanyş bolmagy, janly mollýusklara gözegçilik etmek bilen başlamak hemmesinden oňaýlyrakdyr (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa).


MOLOT, sport. Daşlyga zyňmak üçin ulanylýan trosa berkidilen şar görnüşli sport enjamy. Iwanowyň zyňan moloty 53 metr 70 cm daşlyga düşdi («Ýaş kommunist» gazeti).


MOLOTI'LKA, teh. Döwek döwýän maşyn. Biziň gowy elektrik molotilkamyz bar (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).