ONÇA, 1. ser. O n ç a k l y. 2. Şonça, köp. Onça adamyň öňünde Toty ejäniň durmaga gurby çataýsa ýagşy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
ONÇA-ONÇA, Onuň ýaly, ol hili, şonuň ýaly, olar ýaly. Onça-onça kynçylyga duçar bolarsyň («Sowst edebiýaty» žurnaly).
ONÇAKLY, Şeýle bir, onuň ýaly, şeýle, eýle, beýle, onça. Otludan düşen ýolagçy onçakly köp däldi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Döläniň içi onçakly giň däldi (A. Gowşudow, MähriWepa).
ONÇILLE [o:nçille], Syk dokalmadyk orta hilli ýüpek mata. |