SÖZLÜG ,, O- HARPY;

ONB

ONG

OND

ONK

ONL

ONO

ONT

ONÇ

ONÝ


ONDA-MUNDA, Ol ýerde-bu ýerde, aýry-aýry ýerde, kä ýerde. Bu adam bir näçe ýyl jigit bolup gulluk eden we onda-munda oturylyşyklarda bolup, az-kem durmuş gören adamdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ONDAN-MUNDAN,1. Ol ýýerden-bu ýýerden,  käbir ýýerden, käbirinden. Ýolli ondan-mundan eişden sözlerini ýadyna saldy  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Ol hakda, bu hakda. Ondan-mundan   gürrüň   etdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ONDAN-OŇA, Bir ýerden başga ýere, eýläk-beýläk, iki ýana. Gyşdan kynlyk bilen çykan agaç et, açgöz mallar ondan-oňa nebsewürlik bilen tebsindiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ägirt uly tolkunlar teplohody ondan-oňa oklaýardy («Mydam taýýar» gazeti).