ONÝANÇA [onýa:nça], Şol wagtyň özünde, şol halatda, salym bermän. Serpigiň-de gura, üzügiň-de!diýip, ýene käýindi. Onýança ýel bir köwsap urdy-da, öýüň serpigini bir tarapa baka gaýdyryp göýberdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).
ONÝYLLYK [o:nýyllyk], 1. On ýyl okalyp gutarylýan doly orta mekdep. Kolhozyň onýyllyk mekdebiniň giň äpişgeli, iki gat beýik jaýy bar. Men onýyllygy gutardym (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. Bir taryhy wakanyň bolup geçenine on ýyl dolandan son dabara bilen bellenýän sene. Onýyllyk ýubileý. |