SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WEK

WEKIL [weki:l], 1. Biriniň bähbidini göz öňünde tutýan, biriniň garaýşyny beýan edýän, ynanylan adam. Bular Daşhowuzdan, Marydan, Çärjewden gelen wekillerdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Wekil onuň adyny bloknotyna aýratyn bellik etdi (J. Akyew, Hekaýalar).

2. Bir halkyň ýurduň bähbidi üçin işi, döredijiligi bilen özüni tanadan adam. Kemine zähmetkeş halkyň wekilidir («Edebiýat»).


WEKILLIK [weki:llik], 1. Wekilik wezipesini ýerine ýetirmeklik, wekil bolmaklyk. Sektsiýanyň haýyşyna göre, onuň tarapyndan Baş Sowetiň ýanynda wekillik etmegi K. Marks öz üstüne aldy (W. I. Lenin, Eserler).

2. Biriniň bähbidini göz öňünde tutýan edara.


WEKILHANA [weki:lha:na], ser. Wekillik   


WEKILÇILIK, [weki:lçilik]ser. Wekillik.

BMG-niň Baş Assambleýasynda guramanyň ähli çlenleri wekilçilik edýärler(«Sowet Türkmenistany»

gazýeti).


WE'KSELЬ, Kesgitlenen mukdardaky puly belli bir möhlet içinde tölemek borjy hakyndaky pul dokumenti.


WE'KTOR, mat. Ölçegleri hereketiň ugry bilen häsiýetlendirilýän matematiki ululyk.