SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WEZ

WEZIPE [wezi-.pe], 1. Belli bir borjy ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly gulluk.

Ownuk feodallar ofitserlik wezipelerini alypdyrlar (Orta asyrlar taryhy).

2. Ýerine ýetirilmeli iş, borç, maksat.

Okuwlaryny wagtynda taýýarlamak we ýoldaşlaryna görelde bolmak her bir pioneriň esasy wezipesidir.

3. Bir işi ýerine ýetirmekligi, çözmekligi talap edýän mesele.

Aşyr, seniň ötsüňde jogapkärli wezipe durýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


WEZIPELI [wezi:peli], Bir wezipä, käre eýe bolan. Haýsy-da bolsa onuň ýokary wezipeli adamlardan biri bolup, jogapkärli. orunda işleýäni bellidi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


WEZIPEPARAZ [wezi:peparaz], Wezipe üstünde çalyşýan, wezipe üstünde dalaş edýän, uly wezipelerde bolmagy gowy görýän.


WEZIR [wezi:r], kön. s. Patyşanyň maslahatçysy, ýurdy edara etmekde patyşanyň ýakyn kömekçisi, geňeşdary. Wezir ogully bolanyna köp şatlanypdyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Bir ýerden gelen gelmişege şeýle emel berenine wezirleri gynandylar («Görogly» eposy).


WEZIR-WEKIL [wezi:r-weki:l], Wezirleriň we wekilleriň jemi.

Magtymguly şanyň wezir-wekilleriniň yzly-yzyna ýagdyrýan çylşyrymly soraglaryna pert-pert jogap berýär («Ýaş kommunist» gazýeti).


WEZIRLIK [wezi:rlik], Wezirin. kärn, ýagdaýy. Ta-hyryň kakasy Bahyr Babahan patyşa eezirlik edip-dir.