SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WEN

WE'NA, anat. Ganyň ýürege tarap hereket edýän gan damary. Kapillýarlar biri-biri bilen birleşip, wena damarlaryny emele getirýärler (A. N. Kabanow, Ada-myň anatomiýasy we fiziologiýasy).


WENGERLER, Wengriýa Halk Respublikasynyň ilatyny düzýän esasy halky.


WENE'RIK, Weneriki keselli adam.


WENERIKI, Jyns organlarynyň üsti bilen ýän ýokançly kesele degişli bolan.


WENEROLOG, Weneriki kesellerden spetsialist. weneriki keselleri bejerýän wraç.


WENEROLOGIÝA,med. Meditsinanyň weneriki (azarlama) keselleri öwrenýän bölümi.


WENO'K, Gülden,agaç püründen we ş. m. örülen halka  görnüşli bezeg, desse.    

Gülleriň, wenoklaryň arasynda  duran tabydyň öňünden topar-topar bolup geçýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Soýuzlar öýünden wenok  çykarýarlar   («Pioner» žurnaly).


WENTILÝATOR,  Jaýlarda howany täzelemek üçin aýlanýan ganatly ýa-da  perli gural.

Aýnur eje tä wentilýatora  çenli seredip çykdy (N. Pomma,Taýlak hyzzyn).


WENTILÝA'TSIÝA, Howany täzeleýän, jaýyň howasyny täzeläp durýan ýörite gurallar sistemasy.