SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝYG

ÝY, Ý Hararpynyň  ady.


ÝYGLAMAK, 1. Arasy ýakynlaşmak,  biri-birine golaýbolmak, gürelmek. Hatar  aralary bir hili ýygalýar . 2. Ýygy ýygydan bolup durmak,  tizleşmek. Ana, ýene atyldy, barha ýygalýar (A  Durdyew, ýnýanan eserler).


ÝYGALTMAK ,1. Arasyny ýakyn etmek, gür etmek, bir - birine golaý  etmek .Hatarlaryň    arasyny  60 santimetre çenli ýygaldyp ekip, ýokary hasyl almagy gazandy («Sowet Türkmenistany» gazeti). 2. ýygy-ýygydan etmek, tizleşdirmek,  çaltlaşdyrmak. Esen soňky wagtlarda olara gelmesini ýygaltdy.


ÝYGDYRMAK, 1.Orup, ýygnap hasylyny toplatmak, hasylyny aldyrmak, ordurmak, tirdirmek.Bir gektara gilaý ýeriň üzümini okuwçylara ýygdyrdyk. 2. Çapyp, döwüp bir ýere üýşürtmek, tirdirmek. Odun ýygdyrmak.


ÝYGJAM, Aralary örän ýakyn, aralary golaý. Ýygjam goýlan mis peşeňli we alabeder okly patronlar görnüişp durdy. Sag gapdaly bolsa ýygjam çyzmyk bolup ýatan tekiz gowaça meýdany  («Sowet   edebiýaty» žurnaly).


ÝYGJAMLAMAK, 1. Bir ýere, bir zada golaýlamak, ýakynlamak.Arany gaty ýygjamladym   2. Çaltlaşmak,tiz - tizden bolup geçmek. Tolkunyşýan bulutlar çaknyşyp, yzly-yzyna  ýyldyrym çakyp, gögüň  gürlemesi ýene ýyjamlady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÝYGJAMLANMAK, 1. Arasy golaýlamak, arasy ýakynlaşmak, gürelmek. Gyrymsy    agaçlaryň  arasy ýylsaýyn ýygjamlanýar. 2. Tiz-tizden bolmak, çaltlanmak. Ýyldyrym çakmasy ýygjamlandy.Aşyrym – aşyrym gelýän ýel ýygjamlandy (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYGJAMLATMAK, 1. Arasyny ýakynlatmak, arasyny golaýlatmak. Meleguş Halnazary tanap, ysyrganjak, hokranjak ýaly etdi, aýaklaryny ýygjamladyp, ýeňsesini tüňňertdi, oňa bankan meýil etdi (B  Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Ýygy-ýygydan etmek, çaltlaşdyrmak, tizleşdirmek. Artyk hereketini  ýygjamladanda, bugdaýdan gyzgylt tozan turdy. Esenaly dişi giden agzynyň gäwüşini ýygjamladyp, wäşilige saldy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYGJAMLATŞMAK, 1. Arasy ýakyn bolmak, biri-birine golaý bolmak, gürelmek Pellehana ýakynlaşdzklaryça, atlaryň arasy ýygjamlaşdy. 2. Tiz-tizen bolmak, ýygy ýygydan bolmak, çaltlaşmak. Şol g[nden başlap, olaryň duşuşygy ýygjamlaşdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÝYGMAK, 1. Hasylyny almak, hasylyny ýygnamak, tirmek. Kolhozçylaryň ýygyp üýşüren gawunlary, garpyzlary her ýerde küde bolup ýatyr (B Kerbabaew, Aýoltan) Annagulularьyň kolhozynda pagtanyň ilki ýüzüni ýaňy ýygmaga başlapdylar (A Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Orup ýygnamak, ýygnamak, ormak. Goja ýowşan ýygyp ýörkä, ileri tarapdan biri ak, biri gara, iki sany tüweleý gelýär. Üç sany gyz meýdana ýuwa, kömelek we şulara meňzeş zatlar ýygmaga gidipdirler («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Agzyňy ýygmak — ser. A g y z.


ÝYGNAÝJY, Ýygnap gurmak bilen meşgul bolýan, gurnaýjy. Jaýlary mehaniki ýygnaýjy tsehlere daşamak işi ýaramaz guralypdyr. Kartoşka ýygnaýjy kombayynlary işläp çykarmaklygyň plany ýerine ýetirildi. görýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝYGNAK, Bir meseläni  ara alyp  maslahatlaşmak üçin guramanyň çlenleriniň  ýygnanyşygy. Biz ýaňy partbýuro bilen kolhoz prawleniýesiniň birleşen ýygnagyny gutaryp  gaýtdyk. (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Ýygnak açyk meýdanda geçýärdi (B. Kerbabaew Aýgytly ädim) Annagulynyň gelenine on-on iki gün geçenden soň, kolhozyň umumy ýygnagy boldy (A Durdyew, Saýlanan eserler) .

* ýygnak ýönekeý sözlem gram: — diňe eýe bilen habardan düzülen sözlem. Eýe bilen habardan düzülen sözleme ýygnak ýönekeý sözlem diýilýär.


ÝYGNALMAK, 1. Hasyly ýyglyp alynmak, hasyly toplanmak. Bir müň dokuz ýüz on bäşinji ýylyň güýzünde, ekin-tikin ýygnalandan soň, mirap tutuşlyk wagty gelip ýetdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2.  Ýygşyryp, üýşürip, jemlenip goýulmak, gizlenmek. Şonuň üçin hem geýimler adatça gaty guramanka ýygnalýar («Sowet Türkmennstanynyn, aýallary» žurnaly).

3. Bir ýere jemlenmek, az-azdan toplanmak, üýşmek.

4. Ondan-mundan alyp toplanmak, alynmak. Ýekebara hojalyklardan salgyt ýygnaldy.


ÝYGNAMA, Ownuk böleklerden ýygnalyp gurulýan, düzülýän. Linaýanyň daýanç diregleri üçin zawodlarda ýasalan ýygnama demir beton fundamentleri ulanylýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝYGNAMAK, 1. Hasylyny ýygyp almak, hasylyny toplamak.Häzir bugdaý ýygnaýarys (A. P. Çehow, Saýlanan eserler) Gök ekin hasylyny ýygnamaga okuwçylary mobilizlediler.

2. Gizläp goýmak, ýygşyrmak. Me, muny öňki ýerinde ýygna-da goý! (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

3. Bir ýere jemlemek, bir ýere üýşürmek, toplamak.Ol tire başlyklaryny ýygnap, her kimden soraşdyrdy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. ýygym almak, ýygymy alyp toplamak. Hawa, men Eziz hanyň atlylary üçin hüşür-zekat ýygnaýan. Belki, çemçeläp ýygnanymy susaklap dökmeli bolar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Oba hojalyk salgydyny doly ýygnadyk.

5. Hossarlyk edip idetmek, eklemek, seretmek maksady bilen öz ýanьyň almak, alyp göz-gulak bolmak. Atamyň uly agasy bizi ýygnady ýanyna (A Nyýazow, Şygyrlar).


ÝYGNANMAK, Bir ýere toplanmak, bir ýere jemlenmek, üýşmek. Ol hemme kolhozçylara — Geliň, ýygnanyň, men size bäş günüň içinde gazanan zähmet günleriňizi okap berjek — diýip, ýygymçylary çagyrdy (A Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝYGNANYŞMAK, Bir ýere gelişmek, bir ýere jemlenişmek, üýşmek, toplanyşmak. Olar bu ýere hasabat--saýlaw ýygnagyny geçirmek üçin ýygnanyşypdyrlar («Sowet Türkmenistany» gazeti) Barsa, ýoldaşlary ýygnanyşyp başlapdyrlar (A Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝYGNANYŞYK, 1. Bir mesele we ş. M. hakda köpçülik bolup edilýän maslahat, mejlis. Soňabaka ýygnanyşyk, Boluberdi her günde (A Kekilow, Saýlanan eserler) Bu družinada dürli temalara degişli gyzykly ýygnanyşyklar geçirilýär («Sowet Türkmenistany» gazeti) Obada bolan ýygnanyşykdan soň, ol köçede daýhanlary daşyna egrip otyr (M Gorьkin Ene).

2. Toý-tomaşa, oturylyşyk, üýşmeleň, çakylyk.


ÝYGNATMAK, 1. Hasyl toplatmak, hasyly ýygyp aldyrmak, Hasyly ýitgisiz ýygnatmak.

2. Gizläp goýdurmak, ýygnap goýdurmak, ýygşyrtmak. Ony Aýsoltanyň haýyşyna görä ýygnatdym (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

3. Bir ýere jemletmek, bir ýere üýşürtmek, toplatmak. Kolhozyň başlygy brigadirleri ýygnadyp, olar bilen ýygnak geçirmegi maslahat bildi. Mallary ýygnatmak 4 ýygym toplatmak, ýygymy topladyp aldyrmak, Salgyt ýygnatmak.


ÝYGRA, Utanjaň, çekinjeň, uýaljaň. Gylyç aga ýaş agronomyň ýygradygyny aňlap, has-da   ekezlenýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly) .


ÝYGRALYK, Utanjaňlyk, çekinjeňlik, uýaljaňlyk. Onda hemişeki ýygralykdan zat galmandyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYGRYK, ser. ý y g r a.


ÝYGRYKMAK, 1. Utanjaňlyk etmek, utanjyramak, çekinmek, uýalmak. Gyzym bilen tanyş boluň— diýmegi meni gaty ýygrykdyrdy (K. Işanow, Watan üçin).

2. Gorka durmak, gorka hereket etmek. Durdymyrat özüniň ýygrykmagyndan reňkini ak tam edip, derrew geldi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÝYGRYLJYRAMAK, 1. ser. Ý y g r y k m a k. Emma ýygryljyrýp, göýä utanýan ýaly ýüzüni örtýär («Sowet Turkmenistany» gazeti).

2. Üşemek we ş. m. zerarly birneme ýygrylmak. Şujagaz sowukdan hem gorkup, geçi ýaly ýygryljyrap durdy.


ÝYGRYLMAK, 1. Ýygyrt atmak. gasyn-gasyn bolmak, gasyn atmak, düýrlenmek. Ol galstugynyň ýygrylan ýerlerini ýazyp başlady («Mydam taýýar» gazeti). Iýmiň aşgazanda maýdalanmagy ýa-da owranmagy aşgazanyň muskul diwarjyklarynyň ýygrylmagynyň hasabyna bolup geçýär (N. A. Iwanow, Guşçulyk maldarçylygyň in möhüm pudaklarynyň biridir). Köýnegiň ýygrylan ýerlerini ýazyşdyrmak.

2. Büküşmek, düýrükmek (üşemek we ş. m. zerarly). Ogulgerek sowukdan gorkusyna ýorganyň içinden elini-aýagyny çykaryp bilmän , ýygrylyp ýatyşynda, gijäniň bir wagtlary oýandy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Emma Umsagülüň pişik öňündäki syçan ýaly ýygrylmagy, şonuň bile şol habary anyklamagyň zerurlygy Halnazary bir-neme özüne getirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Wanýa aljyraňňy bir görnüşde ýygrylyp durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYGŞYRMAK, Bir zady ýygnap goýmak, hiç kim almaz ýaly bir ýerde ýaşyryp goýmak. Bu esbabyň örän gymmatlydygyny düşündirýär we gizlin ýerde ýygşyrmagyň zerurdygyny aýdýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Sen ýygşyryp, maňa aýtmajak bolýarsyň, derrew tap! («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


ÝYGŞYRYLMAK, 1. Görünmez ýaly edilip goýulmak, ýygnap goýulmak, ýaşyrylmak. Prilawkanyň astynda ýygşyrylyp goýlan harytlar bar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Oragym ýaň - ýaňja-da şu ýerdedi, eýýäm ýygşyrylypdyr. Olarda ýygşyrylyp goýlan zatlar köp.

2. Gaýra çekilip bukulmak, görünmejek bolmak. Ol gorkusyna ýygşyryldy.


ÝYGY, 1. Aralary golaý, aralary ýakyn bolan, gür. Üzümleriň arasy örän ýygy ekilipdir.

2. Yzly-yzyna bolýan, tiz-tiz, çalt. Indi bu ýoldan awtobus örän ýygy gatnaýar


ÝYGYJY, 1. Tipografiýada harp ýygýan işçi, spetsialist. Ol harp ýygyjy bolup işleýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Hasyl ýygýan, hasyl ýygnaýan adam, maşyn we ş. M. Her bir pagta ýygyjy, Gurban aganyň ýa-da Jumagülüň ýanyndan ýygmagy isleýärdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Pagta ýygyjy we däne arassalaýjy maşynlary işläp çykarmaklygyň plany ýerine ýetirildi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝYGY-ÝYGY, Çalt-çalt, tiz-tiz, yzly-yzyna. Be, Annaguly ýygy-ýygydan hat iberýär-le, bu eýýäm hatly-sowatly bolaýdymyka? (A. Durdyew. Saýlanan eserler). Polina bu ýere ýygy-ýygydan gelýärdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žürnaly). Aýna ýanlygy ýygy-ýygydan güjjüldedýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYGYLANMAK, Arasy ýakynlaşmak, arasy golaý bolmak, ýygy bolmak. Çeper höwesjenleriň saýlawçylaryň arasynda çykyşy ýygylandy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝYGYLMAK, 1. Orlup ýygnalmak, ýygnalyp hasyly alynmak, orulmak, tirilmek. Emma siz näme işleýärsiňiz, pagta ýygýarmysyňyz ýa ýyglan pagtany sykajaga salýarmysyňyz?  (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Bir ýere toplanmak, jem bolmak, üýşmek. Ol ýere toý märekesi ýaly köp adam ýygyldy.


ÝYGYLYK,  Arasy ýakynlyk, golaýlyk. Oturdylan agaçlaryň arasy örän ýygylyk edýär.

 

ÝYGYM,  1. Hasyl ýygnalýan döwür, hasyl kampaniýasy, wagty, orak wagty. orum, tirim işine päsgel bermez ýaly, bütin ýagdaýlary düzeltjegini başlyk öz sözünde aýdyp geçdi (B  Kerbabaew, soltan). Kolhozçylar ýygym  işine başladylar( Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Belli bir maksat üçin ýygnalýan pul ýa zat, töleg. Halkdan toplanýan ýygymlary ýurdy abadanlaşdyrmak üçin peýdalanylýar.


IYGYMÇY, Hasyl ýygnaýjy, hasyl ýygnaýan kolhozçy. Ýygymçylaryň gözi Annagula düşdi (A, Durdyew, Saýlanan eserler). Ýygymçylar pagta ýygmakda hormat haty bilen sylaglandy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Brigadir bizi ýygymçylaryň ýanyna alyp gitdi (B Pürliew, Ilkinml gün).


ÝYGYN, 1. Bir ýere ýygnanan märeke, mähelle, üşmeleň. Şunluk bilen agyr ýygyn toý meýdanyna baka eňer. Şeýle agyr ýygnyň guruljagyny öý eýesi göz öňüne getiripdir (A. Gowşudow, Eserler). Emma durdugyça ýygyn köpeliendir (A. Gowşudow, Mehri—We wepa). 2. göç. M. Goşun , leşger. Ýygyn gelip, sap-sap bolup durdular, Subh - säherden nagarasyn gurdular («Görogly» eposy). Leýtenantyň buýrugy boýunça ýigitler biri-biriniň yzyndan şonuň ýaly ýerlikli hem çalasyn hereket etmek bilen, duşmanlaryň agyr ýygnyny zaýaladylar (A. Gowşudow, ^serler).


ÝYGYNDY, 1. Bir näçe eserler, işler, dokumentler ýerleşdirilen kitap. Halk aýdymlarynyň ullakan ýygyndysy neşir edilýär (Sowet Türkmenistanyň aýallary» žurnaly). Olaryň arasynda    roman-da bar, powest-de, pьesalar ýygyndysy-da bar («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Her ýerden toplanan, ýygnalyp jemlenen Oblastda birinjiligi  almak üçin geçirilen futbol ýaryşynda şäheriň ýygyndy komandalary çykyş etdiler  («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝYGYNÇAK, 1. Kiçiräk üýşmeleň, kiçiräk ýygnanyşyk. Olaryň gapysynda bir ýygynçak bar, toý edýärlermikä? 2. Belli bir maksat üçin düzülýän az sanly nöker, topalaň. Ol bir-ä, ýurda gaýdyp gelmez, bir-de, özbaşyna ýygynçak düzmez. Men näme üçin çete çykyp, özüm ýalylardan ýygynçak döretmedim (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYGYRMAK, ,1. ýygyrt-ýygyrt etmek, epin tutdurmak, epin-epin etmek, epmek. Köýnegiňi beýdip ýygyrmasana. 2. Büzüp bir ýere getirmek, büzüp kiçeltmek, telpegiň etegini ýygyrmak. gowurmak. 3. Bir zat sebäpli düýrülmek. Ol ýalaňaç aýaklaryny ýygryp, göm--gök, porsy sadyr suwuň içinde ýatyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Ýetip, golaýlap barmak, golaýlaşmak. Batly ýöräp, şäherden Saýladylar garany, haýdap, ýygryp barýarlar Polk bilen arany (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Keýikler gaçýar, maşyn arany ýygyrýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<> Seňrigiňi ýygyrmak — bir zatdan nägiledigiňi bildirmek yşaratyny etmek. Bally atyň üstünde, maslyga gelen ýyrtyjy ýaly, seňrigini ýygryp durdy (B. Kerbabaew, AýgytlY ädim).


ÝYGYRT, ýygrylyp emele gelen epin, gasyn. Aýnur ýaňaklary ýygyrt basan dolmuş aýal bolupdyr (N.Pomma, Taýlak hyzzyn). Onuň ýygyrt atan maňlaýy 70-den agandygyny aňladýardy («Sowet Turkmenistany» gazeti). Köýnegiň ýygyrtlaryny ütükleseň bolmaýarmy?!


ÝYGYRT-ÝYGYRT, ýygyrt atan, epin-epin, gasyn -gasyn. Ädiginiň gonjy baldyrynyň ýumry etinden geçmän, edil gadymky demirçileriň körügi ýaly ýygyrt--ýygyrt bolup dur (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ýüzüniň hamy bolsa edil hindi horazynyň boýny ýaly ýygyrt-ýygyrtdy («Türkmenistan kommunistik» žurnaly).


ÝYGYRTLAŞMAK, Ýygyrt-ýygyrt bolmak, epin atmak, gasyn atmak. Ýygyrtlaşan ýüzüne üstünlik şöhlesi çaýylan Näzikenjamal säzüni dowam etdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Boýunlary ýygyrtlaşan, uzyn arryk, egmek kösä şol talaňdan zat ýetmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYGYŞMAK, Ýygmaga kömek etmek, ýygmaga kömekleşmek, bile ýygmak, tirişmek. Men Durda ot ýygyşdym. Biz ikinji brigada pagta ýygyşdyk.