SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝYR

ÝYRAK [ýyra:k], ser. Uzak 1. Ýer gaty-da, gök ýyrak (nakyl).


ÝYRTDYRMAK, 1. ýyrtyk ýa-da iki bölünen halyna eltdirmek, böldürmek.Toýda gyňajymy ýyrtdyrdym.

2. Bir ýerini çyzdyrmak, dildirmek. Ol hem elini çaňňalaga ýyrtdyryp ýa-da gyňajyny şahalara ildirip aljyrap duranok («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYRTMAK, 1. Ýyrtyk hala getirmek, dilmek, jyrmak. Wepa bukjany ýyrtyp, içinden haty çykaryp, eline aldy (A. Gowşudow, Eserler). Atyň ýarmadyk, ýyrtmadyk ýerimi goýmady («Görogly» eposy).

2. Dilip ýaralamak, çyzmak. Elimi agaç ýyrtdy.

<> Ýaka ýyrtmak — ser  Ýaka. Içini hümledip, ýyrtýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝYRTYJY, 1.Käbir ýabany  haýwanlarynyň wagşylyk häsiýeti, wagşy. Gowşut han şol    bendini wagtynda, bu ýeriň üsti ok atsaň geçmeýän  tokaýla bolup, ýyrtyjy haýwanlaryň mesgenidi (A. Durdiew. Saýlanan  eserler).Sahalinaň  tokaýlary ýyrti haýwanlara baýdyr     («Sowet Turkmenistany» gazeti).

2. göç. m. Jemgyýetiň, halkyň emlägini talamak, iýmek, almak bilen meşgullanýan adam, wagşy adam. Adamçylyk häsiýetini ýitiren ýyrtyjylar: tagmalanan prowokatorlar, eserler, menьşewikler, patyşa ofitserleri, iňlislere satylanlar betpäl niýetlerini amala aşyrmak  üçin  birleşdiler.  (B.  Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYRTYJYLYK, Ýyrtyjy, wagşy häsiýetde bolmaklyk, ýyrtyjy bolmaklyk, ýolugkylyk. Siz adamçylygyny ýitiren, ýyrtyjylyk üçin ýallanýan bir topar aňmaz itler! (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Simonow özüniň «Rus meselesi» diýen pьesasynda kapitalistik medeniýetiniň pes, ýyrtyjylyk häsiyetini açyk görkez-di («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYRTYK, Ýyrtylyp böleklere bölünen, para-para bolan, deşik emele gelen, ýyrtylan. Ýowarçylar palas,ýyrtyk ýorgan bilen örtülen telär astynda çaý içmäge oturypdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bir dulda ýyrtyk köne halta diwara söýelgi dur (A. Gowşudow Powestler we hekaýalar). Üzügiň ýyrtyklaryndan ýyldyzlaryň ýaldyraşyp görünmekleri birdenkä galdi (N Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÝYRTYK-ÝYRTYK,  Köp  ýeri ýyrtylan, eleşak bolan, deşik-deşik bolan. Kagyzlaryň gyrasy ýyrtyk-ýyrtyk, sahypalaryna el kiri düşüp,  yz galdyryp gidipdir (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Bu sözlerden soň geýimi-gejimi ýyrtyk-ýyrtyk oglanjyk ylgap çykdy-da, meni obanyň çetine äkitdi (A. S. Puşkin,  Saýlanan eserler).


ÝYRTYKÝAPRAK, Ýapraklary kertik-kertik ak üzümiň bir sorty. Ýyrtykýaprak, terbaş, gara üzum hoşalary sarymtyl ýapraklaryň, gök ýapraklaryň arasynda bulduraşyp, biri-birine çaknyşýar (B Kerbabaew, Aýsoltan).


ÝYRTYLMAK, Ulanmaga ýaramsyz bolup galmak, ýyrtyk bolmak, ýyrtyk halyna öwrülmek, deşik-deşik bolmak. Usullyk bilen agdarmasaň, ýyrtylmagy mümkin (A. Gowşudow, Mähri—Wepa) Ýaka bolsa ýyrtyldy («Görogly» eposy).


ÝYRTYŞDYRMAK, Ýeke-yeke ýyrtmak, baryny ýyrtyp çykmak, ýyrtym-ýyrtym etmek Iýjek bolsa iýmişden, ýyrtyşdyrys ernini (N Pomma, Saýlanan eserler).


ÝYRTYŞMAK, Ýyrtmaga  kömekleşmek.


ÝYRŞARMAK, ser .ýylgyrçak. Rüstem ýene ýyrşardy, («Sowet Turkmenistany» gazeti) Wanýa ýyrşarmak bilen. — Elhepus, ýaman uly zadyň bar ekeni — diýdi («Sowet edebiýaty» žurnaly) Şeýle dälmi? — diýip ýyrşardy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÝYRŞARTMAK,  ser. Ýylgyrtmak. Olar dişlerini ýyrşartmak, gözlerini güldürmek bilen sögüşdiler  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYRŞARYLMAK,  ser.  Gülümsiremek. ýyrşarylyp dursuň?!