SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝYL

ÝYL, On iki kalendarь aýyndan ybarat wagt birligi. Aradan iki ýyl geçdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).Ýaňky kitaby elime düşendigine şu ýyl dogry kyrk ýyl bolýar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). 1961--nji ýyl tamam boldy.

<> ýyl  boýy — ýylyň ähli dowamynda, bütin ýyl. Ýyl boýy zähmet çekýän (Mollamurt. Saýlanan eserler).

ýyl ýazuwy — her ýylda alnyp barylýan taryhy wakalaryň ýazgysy.

Ýyla dönmek — köp wagta çekmek, uzak wagt dowam etmek.


ÝYLAK, bot. Gumda bitýän çylgam-çylgam baldakly ýumşak ýaz oty.Ýazky ýylagyň ujy iňňe ýaly gür samany terslin-oňlyn bulaşyp görünýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Bir näçe ýyl mundan öň boldumly ýaz günlerinde şu meýdanyň ýüpek ýaly gyrtyjy, ýylagy dyza çykardy (A. Gowşudow, Eserler). Goýunlaryň halaýan oty ýylak gök haly ýaly bolup ýaýylyp ýatyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYLAMAK, 1. Çala gyzmak, ýyly geçmek. Buguň emele gelmeginiň sebäbi suwuň ýylamagy diýen netijä gelipdir (S. N. Winogradow, A. F Kuzьmin, Logika).

2. Temperatura ýokary galyp başlamak. Howa ýylap başlady.


ÝYLAN [ýyla:n], Egrem-bugram bolup suwlup hereket edýän, zäherli, aýaksyz süýreniji. Ýylan ýaly towlanjyraýan goşa saç, Owsun atýar, şowurdaýar keteni (B. Kerbabaew, Aýlar). ýylan çakan kendirden gorkar (nakyl).

Ýylanyň daşy ýumşak, içi zäher (nakyl).

Ýylanyň aýagyny görmersiň, mollanyň — çöregini (nakyl).

Düýe öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diýermiş (nakyl).

ýylanyň ýigreneni narpyz, ol hem hininiň agzynda gögerer (nakyl).


ÝYLANDODAK [ýyla:ndo:dak]. bot. Bilek ýaly ýogyn, ýapraksyz, ak gülli, gumda bitýän parazit ösümlik.


ÝYLANKÖMELEK [ýyla:nkömelek], bot. Uzyn inçe baldakly iýilmeýän kömelek.


ÝYLANLYK [ýyla:nlyk], ýylanyň köp bolýan ýeri. Hälki patyşany göterip alyp gidip, ýylanlyk, içýanlyk jaýa taşlaň — diýip, şol täze gurlan gülüstanyň bir çetinde ony taşlamakçy bolupdyrlar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


ÝYLANÇYR [ýyla:nçyr], zool. Suwulgandan ulurak, ýaldyrawuk hamly süýreniji. Razwedçigiň ýer astyndan ýylançyry saýgarýan ýiti gözleri Eziziň öten ýylky Eziz däldigini saýgardy. Onuň şaýly börügine, gyzyl çaýylan gupbasyna ýaňy ýerden saýlanan günüň şöhlesi düşüp, suw ýüzünde, ýap ýakalarynda ýylançyr ýaly ýylpyldy oýnatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLATMAK, 1. ýyly etmek, gyzdyrmak (jaý we ş m. barada). Biziň tamymyzy gaz ýyladýar Şu turbalaryň gyzgyny bolsa jaýy ýyladýar («Sowet Türkmenistany» gazetn).

2. ýyly halyna öwürmek, temperaturany ýokarlandyrmak (suwuklyk barada). Sowuk suwy ýylatmak.


ÝYLBA-ÝYL, Her ýyl, ýylyň-ýylyna, ýyl-ýyldan, ýyl geldikçe. Önümiň önümçilige düşýän gymmaty-da ýylba-ýyl aşakladylýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ýerler ýylba-ýyl ekişiň öň ýanynda bije atylyp, täzeden paýlanylýar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÝYLGAÝ, gepl. d.  Elmydama, mydama, hemişe.


ÝYLGYN. Syrdym-syrdym şahaly, gabygy gyzyl gyrymsy agaç. Tejeniň her düýp ýylgyny saňa garan-da, meniň üçin has gymmadrak (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).  Ogulgerek ýylgyn  töňňelerini ölçerişdirdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÝYLGYNLYK, Ýylgyn agajynyň köp biten ýeri, ýylgynyn köp gögerip oturan ýeri. ýylgynlyk meýdan-da ýygnanan adamyň sany ýokdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meniň gapdalymdaky giden gök ýylgynlygyň içinden ullakan bazar ýoly geçýär (A. Durdyew Saýlanan eserler).


ÝYLGYRJAKLAMAK, Hoşal bolup gülümsiremek, çala pylgyrmak. Iki elini uzadyp, ýylgyrjaklap, Aýnur eje bilen elleşdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Tilki hem guýrugy birkemsiz iýip bolup ýylgyrjaklaýar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


ÝYLGYRJAKLAŞMAK, Hoşal bolup gülümsireşmek, çala ýylgyryşmak. Çagalar ýylgyrjaklaşyp durdular.


ÝYLGYRMAK, Sessiz gülmek, gülümsiremek. Poltoratskiý ygtyýarsyz ýylgyrdy. Aýna ýylgyryp, başyny aşak saldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Begenjiň janygyp edýän gurrüňine Aýsoltan ynamsyz ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ÝYLGYRTMAK, Birini çala güldürmek, gülümsiretmek. Ýylgyrtjak bolup çaga lak atmak.


ÝYLGYRYŞMAK, Sessiz gülüşmek, gulümsireşmek Uzyn stoluň çuňňur düýbünde oturan Aýsoltan bilen Begenç biri-birine seredişdi, ýylgyryşdy, hiç haýsy ýerinden galmady (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Saglyk-amanlyk soraşyp, ata-ogul biri-biriniň ýüzüne ýylgyryşyp seredişdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Olar biri-birleriniň ýüzlerine seredişip ýylgyryşdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLDAM, Çalt çapýan, çalt ylgaýan, çapgyr, ýüwrük. Ýyldam atlar pul, mata, mal baýraklar alýarlar (A. Gowşudow, Eserler). Ýyldam maşynlardan köçesi doly, Saz-söhbet içinde ýaňlanýar goly (N Pomma, Saýlanan eserler). Şu gürrüňleriň içinde hem ýyldam at, ýiti gylyç, ötgür pyçak suratlandyrylýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ÝYLDAMLYK, Ýyldam bolmaklyk, ýyldamyň häsiýeti, gylygy, ýüwrüklik, çapgyrlyk. Öz atlarynyň ýyldamlygyna ynanan kowguçylaryň serkerdesi Aly beg eken (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Pişigiň ýyldamlygy samanhana çenli (nakyl).


ÝYLDYZ, 1. Ýönekeý göz bilen görmek mümkin bolan we öz-özünden ýagtylanýan asman jisimi. Ýyldyz ýagtysyna towşanyň akja butlary saýgarylýardy. Gije garaňky bolsa-da, gizlenşip gaçýany saýgarmaga köp sanly ýyldyz şöhlesi mümkinlik döredýärdi. Aýsyz dury asmanyň ýyldyzlary öz kanunlary boýunça asudalyk bilen balkyldaşýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Bir zady alamatlandyrýan bäşburç nyşan. Onuň papagynda gyzyl ýyldyz ýaldyrap dur (A Durdyew, Saýlanan eserler).

<> ýyldza toýnak salmak — keýpi kök bolmak. wagty hoş bolmak, mesirgemek. Babaly ýatan ýerinde ýyldyza toýnak salýar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Ýyldyza ugran ýaly bolmak — işi şowsuz bolmak, edileni ters bolmak, oň bolmazlyk. Arçyn, indi näme etmeli, bu gün biz ýyldyza ugran ýaly bolduk-la! (A. Durdyew. Saýlanan eserler).

Ýyldyzy düşmezlik — gylyk-häsiýetleri deň gelmezlik, oňuşmazlyk. Biziň gelnimiziň oglumyz bilen ýyldyzy düşüşmändir — diýip, doga-tumar üçin pul baryny harçladylar (N Pomma, Eserler ýygyndysy).


ÝYLDYRAWUK, ýyldyr-ýyldyr edýän, ýylpyldyly öwşün atyp duran, ýylpyldawuk. Ol ýyldyrawuk gözleri bilen şeýle ýalbaryşly nazar bilen seredýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ewenkler açyk reňkli we ýyldyrawuk bezegleri  söýüpdirler.  (SSSR taryhy).

ÝYLDYRAMAK, Ýyldyr-ýyldyr etmek, ýylpyldyly şöhle salmak, ýalpyldap öwşün atmak. Eýsem-de bolsa, onuň sözünden razy bolandygy onuň pensýesiniň aşagyndan ýyldyraýan görejinden göründi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Wagtal-wagtal ýyldyrap görünýän ýyldyzlardan nam-nyşan galmady (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÝYLDYRATMAK, ýylpyldyly öwşün atdyrmak, ýyldyr-ýyldyr etdirmek. Dişlerini ýyldyradyp, ýüzüni göge tutup, uludan-uly demini alýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Pehim edip gör! — diýip, Mahoşin gyýaja gözlerini ýyldyratdy (M. Gorьkiý, Ene).


ÝYLDYRAŞMAK, Ýylpyldyly öwşün atyşmak, ýyldyr-ýyldyr edişip durmak. Onuň gözleri ýagty aýnanyň üsti bilen asmandaky ýyldyraşyp duran ýyldyzlara düşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYLDYRYM. Atmosfera elektrikleriniň toplanmagyndan howada birden ýüze çykýan ýagtylyk, razrýad. Onuň maňlaýyndaky depeli ýyldyrym ýaly ýalpyldady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Yzly-yzyna çakýan ýyldyrymyň şöhlesi içeri düşýärdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Öten agşam ýyldyrym çakdy we ýagyş ýagdy.

*Ýyldyrym  urmak — ýyldyrym degip, heläkçilige sezewar bolmak.

Ýyldyrym ýaly süýnmek — çakdanaşa çalt gitmek, çalt çapmak, çalt hereket etmek, ylgamak. Ýyldyrym ýaly süýnýän atlaryň toýnaklarynyň güpürdisi giň sährany doldurdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLJYRAKLAMAK, ser ýylgyrjaklamak. Aýnanyň ýyljyraklap duranyna gözi düşen Mama galyň gabagyny galdyryp. —A gyz, meni işledip, kesämden synlap durmaga utanaňokmy? — diýdi. Onuň ýyljyraklap seretmegi Mawynyň göwnüni has-da göterdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLJYRAKLAŞMAK, ser. Ýyljyraklaşmak. Ertir bada işçileriň tsehiň kontorasyna baryp, ol ýerden ýyljyraklaşyp çykýandyklary-da şu sebäbe görädi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝYLKY, Gylýal sürüsi, gylýal. Kerim hor-homsy bolup ýylky bakmaga başlaýar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Men hemme döwletimde bolan atlarymyň we hemme ýylky sürülerimiň ygtyýaryny seniň eliňe berdim («Görogly» eposy).


ÝYLKYBAN [ýylkyba:n], ýylky bakýan adam, ýylky çopany.


ÝYLLYK, Bir ýyl möhletli, bir ýyl dowamynda bolýan. Ýyllyk azabyň puja çykar gorkusy Aýsoltana Rahat uky bermeýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ýyllyk plany dolmak, hasyly isrip etmän ýygnap gutarmak meselesi gorky aşagyna düşýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYLMAÝJY, Zadyň büdür-südür ýerini ýylmaýan, timarlaýan işçi ýa-da ýörite maşyn, stanok. Dikligine ýylmaýjy stanoklar özleşdirildi («Sowet Türkmenistany» gazety). Agaç işläp bejerýän ýylmaýjy stanoklar, tokarь stanoklary, awtomatik we ýarym awtomatik stanoklar iş jaýyna görk berýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝYLMAMAK, Zadyň ýüzüniň büdür-südür ýerini gyrdap, ýonup ýylmanak etmek, endigan tekizlemek. Tagtalary ýylmaýardy ussaň ýiti rendesi («Pioner» žurnaly). Ol agaran saçlaryny ýygyrtlaşan eliniň aýasy bilen iki baka ýylmady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol bir günde 300 kastrýuly ýylmap bilýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝYLMANAK. Ýüzi büdür-südür däl, örän tekiz, Ýüzi endigan.  ýalpyldap duran. Ol gabagyny galdyrman, piliň elden sypyp barýan ýylmanak sapyny biygtyýar sypap, diňe:

 — Aýsoltan! — diýip seslendi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Mama ýylmanak dörtgoşma bilezigi etlek bileklerine dakynyp, kümüşli heýkeli ýanyn dakyndy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> ýylmanak gürrüň — ser. G ü r r ü ň. Ol ýylmanak gürrüňler tapyp, Hatyjany aýlampaja mündüren ýaly, başyny aýlandyryn öýtdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ÝYLMANMAK, 1. Ýonulyp ýylmanak edilmek, ýülmenmek, endigan tekizlenmek. Piliň sapy ýylmanyp-dyr. 2. Özüni timarlamak, özüne timar bermek, özüňi tijemek, öz synaňy tertibe salmak. Jeren aýnanyň öňüne geçdi-de, ýüz-gözüne timar berip, toýa gitmek üçin toý lybaslaryny geýnip, ýylmanyp durdy.


ÝYLMANÇAK, ýüzi ýylmanak bolan, ýüzi örän tekiz. Pil sapyna adatlanan eller ýarag tutmasyny bilmeýärdiler, ýaragyň ýylmançak sowuk nili şol ellere ýylan tutandan enaýy däldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLMATMAK. Tekiz, endigan etdirmek, ýylmanak etdirmek. Piliň sapyny aýna döwügi bilen ýylmatdy.

ÝYLMAŞMAK, Tekiz, endigan etdirmek, ýylmanak etdirmek. Piliň sapyny aýna döwügi bilen ýylmatdy.


ÝYLMAŞMAK, Ýylmamaga kömekleşmek, tekiz, ýylmanak edişmek. Agaç ýylmaşmak.


ÝYLP-ÝYLP, Kä ýanyp, kä sönýän, yşyklanýan, ýylpyldap ýanyp-sönüp duran. Tamlaryň, kepbeleriň, öýleriň içinden yşyklar garaňkynyň içinde ýylp--ýylp edip görünýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Aýtguly hem gijelerine işden öýe gaýdanda, onuň çyrasy ýylp-ýylp edip, örän uzakdan görünýärdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Obanyň käbir ýerinde heniz ýylp-ýylp görünýärdi.


ÝYLPYLDAWUK, ýüzi ýyldyrap duran, ýüzi ýylmanak, ýüzi ýylp-ýylp edýän, ýylpyldyly şöhlelenýän. Käsi suw kädi, kesi süýt kädi sypatynda dürli reňkdäki mehnet armytlar ýylpyldawuk ýapraklaryň arasy bilen belent şahalarda sallanyşyp görünýär. Ol töweregine garanjaklap, öz ýoldaşlaryndan görelde aldy-da, sag eline laýyk gelip duran ýylpyldawuk metallary basdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ÝYLPYLDAMAK, Ýyldyrap şöhle saçmak, ýyldyramak, ýylp-ýylp edip şöhlelenmek, akjaryp görünmek. Keýikleriň akja ýamzy her ýerden bir ýylpyldap göründi (B. Kerbabaew, Aýsoltan) Hanalar-da kümüş ýaly ýylpyldap, mähir bilen bakýar («Sowet edebiýaty» žurnaly), Gumuň arasyndaky ýylpyldaýan daşlar onuň gözüni gamaşdyrypdyr (Myraly).


ÝYLPYLDATMAK, Ýyldyrap şöhle saçdyrmak, ýyldyratmak, ýylp-ýylp etdirmek. Şol wagt syçrap galan günüň şöhlesi Aýnanyň gyzyl çaýylan gupbasyny lowurdatdy, atyň eýeriniň gaşyndaky çüýleri ýylpyldatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLPYLDAŞMAK, ýyldyraşyp şöhle saçmak. ýyldyraşmak. Asmanyň aýna ýüzüne hünji dökülen ýaly paýrap çykýan ýyldyzlar asudalyk bilen ýylpyldaşýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Çagalar hem dynman ýylpyldaşýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýaňyja burnuny görkezen ýylaklar günüň şöhlesine ýylpyldaşyp galypdyrlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLPYLDY, Çala ýanyp görünpän yşyk, şöhle. Eýwandaky çyra ýagtysynda gür ýagyş däneleri kümüş ýaly ýylpyldy bilen seslenýär (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Ýeriň ýüzüni örten gök otlara günüň altyn şöhlesi düşüp, ýer ýüzüni ýylpyldy bilen doldurdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝYLPYR, bot.Arpa meňzeş, gara däneli. bogun--bogun bolup ösýän ot.


ÝYLSAIYN [ýylsa:ýyn], Her ýyl, ýylyň-ýylyna, ýyl geldikçe. Onuň ýolbaşçylyk edýän kolhozy ýylsaýyn ulalýar («Kolhoz günleri»). Hasyl ýylsaýyn köpelýär («Sowet Türkmenistany» gazeti). Işiň köne metodlarynyň tarapdary ýylsaýyn azalýardy (W. 3. Raenko, Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe).


ÝYLÇYR, ýüzi tep-tekiz, ýyldyrap duran, ýylmanak bolan, ýylpyldawuk. Onuň etlek, ýylçyr gara ýüzünden eýýäm çyg görnüpdir (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ak sakgally, ýylçyr kelleli garry kellesini saňňyldadyp otyrdy («Pioner» žurnaly). Batmanow ýap-ýaňyja päki bilen syrylan ýylçyr kellesini çep eliniň aýasy bilen sypalap göýberdi (B. Pürliew, Ilkinji gün).


ÝYLY, 1. Sowuk däl, ýylysy bar bolan, gyzgyn. Wepanyň göwnüne bolmasamy, bu gan ýaňyja akan gan ýaly, heniz ýylysy hem gitmedik ýaly bolup göründi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Wanýa onuň söweşde gyzyp derlän teniniň ýylysyny duýanda, oglanda çensiz bagtly1yk duýgusy emele geldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).Ýyly suwa el urman, iýerdik gaty tötek (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

2. Onçakly sowuk däl, maýyl. Tamyň içi ýylydy.

<>ýyly nazar salmak — ýürekde söýgi beslemek, ýürek bilen garamak, rehim etmek. Ol Hebibä ýyly nazar saldy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÝYLYLYK, 1. Materiýanyň hereket edişiniň aýratyn formasy — jisimiň (molekulalaryň, atomlaryň we ş m) bölekleriniň hereket etmegi netijesinde emele gelýän energiýa.

2. Haýsy-da bolsa bir zadyň (howanyň, jisimiň we ş. m.) sowamadyk ýagdaýy. Mekgejöwen ýylylyk söýüji we gurakçylyga çydamly ösümlikdir


ÝYLYNMAK, Üşäniňde öz bedeniňi gyzdyrmak, normal ýagdaýa gelmek, çoýunmak. Gel, Aknabat ejäniň tamyny göreýin hem ýylnyp gideýin — diýip sowuldy (A Durdyew, Saýlanan eserler). Muny aňsatlar tutaşdyryp hem bolmaz, ýylnyp hem bolmaz (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÝYLYTMAK, Belli bir derejede ýylylyk bermek, ýyly hala öwürmek, ýyly etmek. Sadap peçiň üstünde nan goýup, ýylytmaga durdy (A. Durdyew. Saýlanan eserler). Wanna serediji aýal oňa narzany ýylydyp berip: — Indi giräý — diýip gaýdypdyr (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Gün jahany ýaňy ýylydyp ugrapdy. (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).