ÝÖN
|
ÝÖNE [ýö:ne], 1. Mugt, pulsuz, peşgeş. Bu kitaby men
2. Keýpine, peýwagtyna, biderek, sebäpsiz. Onuň gamyşlaryň arasynda gizlenip durmagy ýöne ýerden däldir («Mydam taýýar» gazeti). 3. «Emma, weli» diýen manylary aňladýan, garşylygy görkezýän baglaýjy. Ýöne weli, garry kitabynyň tapylgysyz gowudygyny mensiz hem bilýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). ýöne ikimiz iýjek bolsak, agzymyza ýok hem bolmaz («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). ÝÖNEKEÝ [ýö:nekeý], 1. Düşünmegi kyn bolmadyk, aňsat, sada. Ol hatda özüniň ýönekeý wäşi sözlerine-de ynam etmän, men adatdan daşary warsaky, bijaý sözler uraýdym öýdýän diýip, özünden özi ejap edýän wagtlary hem bolýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). 2. Ulumsy däl, açyk göwünli, kiçi göwünli, sada. Biz bir ýönekeý adamlardyrys, şöhratly hanym! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). 3. Beýlekilerden tapawutlanmaýan, beýlekilerden üýtgeşik bolmadyk. Meniň edil özüňiz ýaly,ýönekeý daýhan gizy bolup işläsim gelýär (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Ol diňe iňrik garalandan soň, ýaragyny şol ýerde gizläp, ýönekei şähgr adamsy sypatynda göni türme bardy (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). < 4. Adaty, hakyky. Meniň ýönekeý adymy tutaýyň! (B. Keroabaew, Aýgytly ädim). 5. Çylşyrym bolmadyk, sada. Bu maşyn ýönekeý, sada maşyn däl, ilekiler ýaly ýörese-de ýol (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Bu, durmuşda bolan ýönekeý bir iş (N. Pomma. Saýlanan eserler). Olar ýönekeý çatmalarda ýa-da garaňky gowaklarda ýaşapdyrlar (Gadymy dünýä tary) <> Ýaýraň ýönekeý sözlem gram. ser. Sözlem. ÝÖNEKEÝLIK [ýö:nekeýlik], 1. Düşünmegi kyn däl, örän düşüniklik. Puşkiniň poeziýasy stiliniň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. 2. Kiçigöwünlilik, ulumsy dällik, sadalyk. Gardaş, gaty gitme, sen hetdenaşa, Ýönekeýlik mynasypdyr her kişä («Tokmak» Žurnaly). 3. Çylşyrymly dällik, sadalyk. Waka özüniň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. ÝÖNELIŞ, [ýö:neliş]: ýöneliş düşüm « kime? nämä? » > Diýen soraglara jogap bolýan düşüm. ÝÖNELMEK [ýö:nelmek], Bir tarapa ugramak, bir ugra gitmek, bir ugra ýöremek. Halnazar oňa gulak asman, sakgalyny sypap, öz öýüne bakan ýöneldi (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). Peterburg işçileri patyşa kömek eder diýen umyt bilen, Gyş köşgüne tarap ýöneldiler («Sowet Türkmenistany» gazeti). ÝÖNE-MÖNE [ýö:ne-mö:ne], Eýle-beýle, az-owlakg kiçi-kirim. Onuň häzirki ýolbaşçylyk edýän gurluşygy-da ýöne-möne gurluşyk däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).
ÝÖNTEM [ýö:ntem], 1. Çala görýän, gowy görmeýän. Garly özüniň ýöntem gözlerini on-on bäş ädim aradaşlykda duran atla baka dikdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). 2. Dogumly däl, sölpi, türkana, sada. Biziň sakçylarymyz ýöntem, Wüşi bilen Jommy goltugy tüpeňli uklap ýatýarlar (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde). <>Ýöntem iňňe iňňäniň bir görnüşi. ÝÖNTEMEK [ýö:ntemek], ser. Ýörmemek. |