ÝÖŇ |
ÝÖŇKELMEK, Töhmet edilmek, garalyk ýapylmak. Eziz atly iberip, ogrulyk ýöňkelýän ýigidi getirtdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Adamlar göýä bir günä ýöňkelip çagyrylýan ýaly görünýär (A. Gowşudow, Eserler).
ÝÖŇKEME, gram. Atlaryň soňuna degişli goşulmalar goşulyp, bir zadyň kime, nämä degpşlidigini görkezip gelýän grammatik kategoriýa. Atlar ýöňkeme bilen üýtgeninde, degişliligi aňladýarlar.
ÝÖŇKEMEK, Garalyk ýapmak, töhmet etmek. Ýoldaş Berkeliewe beýle agyr günäler ýöňkemäge bizde esas ýok diýip, ol berk ses bilen mälim etdi (N. Jumaew, Ak derek). Maňa garalyk ýöňkemäge çalyşýarsyň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men şol beýannamalary günäkärleýänlere ýöňkeýärdim («Sowet Türkmenistany» gazeti). |