SÖZLÜG ; Ý- HARPY;
ÝÖR

ÝÖRGÜNLI, Köp tutulýan, köp ulanylýan, köp agzalýan. Garanyň «batyr» lakamyndan «çomak.» lakamy halk arasynda has ýörgünlidir («Edebiýat»). Ýüreginde bolan islege garşy il arasynda onuň «Allaýar tulum» lakamy ýörgünlidi (A. Gowşudow, Eserler). Şol 1949--njy ýylda bolan waka henize çenli-de il arasynda ýörgünli gürrüň, bolup galypdyr («Tokmak» žurnaly).


ÝÖRGÜNLILIK, Köp tutulmaklyk, agyzdan-agza köp geçijilik. Örän ýörgünlilik bilen agyzdan-agza geçdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÝÖRGÜR, Tiz, çalt ýöreýän, gitgir, çus. Bu eşek örän ýörgür.


ÝÖREDILMEK, 1. Işledilmek. 2. Alnyp barylmak, amala aşyrylmak, iş ýüzüne geçirilmek.


ÝÖRELGE, 1. Köneden däp bolup galan dessur, kada--kanun. 2. Ýolbaşçylyk görkezmesini berýän ugur, alnyp barylýan ugur. Şolaryň ýörelgesi, belki, biziň ýaly heniz ätmesini öwrenmedik gözsüzlere-de ýoda bolar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝÖREMEK, 1. Endigan ädim ädip hereket etmek, ýol geçmek. Olar her wagt burunlaryny açyp, hemişekileri ýaly parahat ýöreýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa), Ýaňky tilkijik ýol ýöräp barýarka, bar tanyş tilke duşup-dyr («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

ÝOLY ýörän ýeňer, işi — ýapyşan (nakyl).

2. Herekete gelmek, işläp başlamak, işlemek. Otly ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp ugrady. Elektrik stantsiýasy ýöräp başlady.

3. Görkezilen ugur, düzgün boýunça hereket etmek. Seniň bellän ýoluň bilen düz ýöräp, Watanmyzy gülüstana öwürdik (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

4. göç. m. Organizme güýçli täsir edip ýaýramak (ary, ýylan we ş. m. zäheri hakda).

Halk arasynda: — Içýanyň zäheri sary adama gaty ýöreýär — diýilýär.


ÝÖRETMEK, Endigan ädim ätdirip hereket etdirmek. Uludan bir sojady-da, soňra ýöredip gitdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Herekete getirmek, işläp başlatmak, işletmek. Derýalary tebigy ýagdaýlarynda gämi ýöretmek üçin peýdalanmak köplenç wagtda kyn bolýar («Mydam taýýar» gazeti). Ony Moskwa mata dokaýan maşynlary ýöretmek hünärini öwrenmäge iberdiler («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Ol ýüp tutýan sag elini iki gat erşiň arasy bilen ýöretdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. göç. m. Belli bir tertip, kada boýunça alyp barmak, dowam etdirmek. Sowetler rewolýutsion syýasaty yzygiderli ýöredýärdiler («Sowet Türkmenistany» gazeti).

<> Pikir ýöretmek — ser. P i k i r.  Zelili şeýle pikirler ýöretmek bilen öz watandaşlarynyň agzybir, ysnyşykly ýaşamaklaryny isläpdir. Dessanda bu hili fantaziýalar käbir ýagdaýlarda awtoryň ýöretmek isleýän pikirini ýüze çykarmaga hyzmat etdirilýär («Edebiýat»).


ÝÖREŞMEK, Ýöräp ýaryşmak. Men onuň bilen ýöreşip gördüm.


ÝÖRJEN-ÝÖRJEN: ýörjen-ýörjen (bolmak) etmek — ýaňy aýak bitip ýöräp başlamak, patdyk-putduk edip ýörejek bolmak, çala ýöräp başlamak. Oňa ýörjen-ýörjen eden, dil öwreden kim? («Mydam taýýar» gazeti).


ÝÖRITE [ýöri:te], 1. Bir zat üçin aýratyn niýetlenen, aýratyn bir maksat üçin gönükdirilen. Ol ýörite salnan giň ýagty jaýda ýaşaýar. Batareýa garşy göreşiji ýörite bir wzwod yzdan bir ýerden şol batareýa ok atýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Diňe bir zat üçin, aýratyn. Gelin ediň, toý et bakaly, onsoň ýörite geläýeris — diýşip gitdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bu barada ýörite lektsiýa boljak öýdýän («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝÖRITELEŞDIRMEK [ýöri:teleşdirmek], Ýörite bir maksada gönükdirmek, aýratyn maksat üçin niýetlemek, ýörite peýdalanmak üçin bellemek. Önümçiligi ýöriteleşdirmek meselesine aýratyn üns bermeli («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÝÖRIŞ |ýöri:ş], Aýak basyş, ýöremek täri, ädim uruş. Han küýli elmydama bir ýörişde lep-lep edip ýöreýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gyratyň ýigrimi dört dürli ýörişi bardy. («Görogly» eposy).


ÝÖRMEK, Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň dowamlylygyny, çylşyrymly häzirki zamany görkezýär. Şa-gal dost, bar aýt, şol garryja aýal ýalan sözläp, agzyna gelenini ýaňrap ýörmesin («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Güýz guzlasa, örän gowy, ýilik ýaly gatygyny iýer-de ýöreris, eje (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝÖRMELEMEK, Gybyrdap ýöremek, gybyrdamak (kiçijik mör-möjekler hakda).


ÝÖRMEMEK [ýö.rmemek], Matanyň gyrasyny üstaşyr sanjyp tikmek, gapjap tikmek. Köýnegiň ýene sähelçe ýörmemeli ýeri galdy.


ÝÖRMETMEK [ýö:rmetmek], Matanyň gyrasyny gapjap, üstaşyr sanjyp tikdirmek. Ýorganyň gyrasyny gelnine ýörmetdi.


ÝORMEŞMEK [ýö:rmeşmek], ýörmäp tikmäge kömekleşmek, matanyň gyrasyny gapjap tikişmek. Köýnek ýörmeşmek.


ÝÖRÜLGEN, med. Dyrnagyň düýbünden dömüp çykýan ýiti agyryly çykuw, ýara. Barmagyma ýörülgen çykdy.


ÝÖRÜŞ, 1. Goşunyň ýa-da flotuň ýörite maksat bilen bir ugra edýän hereketi. Pyýada goşun ýörüşe çykdy.

2. Biriniň üstüne edilýän harby hereket. Şol başagaýlyk iňlisleriň ýörşüni tesdirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Assiriýa patyşalary olara garşy ýygy-ýygydan ýörüşler geçiripdirler (SSSR taryhy).

3. Guramaçylykly edilýän çykyş, göreş. Medeni ýörşe ýaryş guralyň, Obalara tarap dogry ýöräliň (Mollamurt, Saýlanan eserler).

<> Haçly ýörüşler — XII — XIII asyrlarda Günbatar Ýewropada feodallaryň basybalyjylykly ýörşi.