BAB

B , Türkmen elepbiniň ikinji harpy.


Ba, [ba:], Haýran galmagy, begenji aňlatýan ümlük.

Ba, onuň bolup gelşini.

BABA , 1. Ejeňiň kakasy. Agtygy babasyn duýdansyz görüp, Utandy-da bada ýerinden. turdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Meniň babam ajap gyzykly gürrüňler bermäge ökdedi (N. W. Gogolь, Eserler).

 Diýdi: — Baba, şa kim? Oň puly ýokmy? Gyzyny satmaga gynananokmy? («Oktýabrь ýalkymy»),

2. «Ýaşuly, ata» manysynda aýdylýan söz. Ol babamyz Iliç Lenin Berdi taglym paýyň seniň (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Gezýärkäm, sataşdym aksakgal baba. Gamlanma, baba, sen gamlanma, baba! (N. Pomma,Saýlanan eserler).

Babalar sözi — ata-babalardan gelýän aňlatmalar, nakyl.

Babam döwri — ser. D ö w ü r. Onuň aýtmagyna görä, babam döwründen bäri Hallaryň neberesiniň ähli, erkek adamlarynyň käri ýol salgy berijilik bolupdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Aýaz baba — gyşyň simwoly.


BABADAŞ [ba:badaş], Daşkyrak garyndaş, ata-babalary bir bolan adamlar. Bu meniň babadaşym. Özge duşmanyň bolmasa, babadaşyň iokmudy (lakyl).


BABASYL [ba:basy:l], med. Göni içegäniň aşak bölegi käwagt ganap, düwün emele gelýän kesel, gemorroý.


BABATDA [ba:batda], 1. «Barada, hakda, dogruda, babatynda, taýdan, tarapdan» diýen ýaly poslelog.

Bu babatda oňa telim gezek aýdypdyrlar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýakutlar XVII asyrda medeni babatda özleriniň töwereklerindäki halklardan ýokary dereje-de durupdyrlar (SSSR taryhy).

2. göç. m. «Her, her bir» diýen sözler bilen gelip, «her niçik bolsa-da, nähili bolsa-da» diýen manyny aňladýan kömekçi söz. Meret her babatda mekdebi üstünlikli gutardy.


BABATYNDA [ba:batynda], ser. Babatda

1. Her zatdan bahana etseň-de, maşyn babatynda bahana etmegin (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BABYR: babyr bilek — etlek, ýogyn, güýçli bilekli, edermen.

Kolhozyň stahanowçysy Jamal orta boýly, ak ýürekli, etli-ganly, babyr bilek bir gelindi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).