BAŞ

BAŞ I, 1. Adamyn ýa-da haýwanyň, janly-jandaryn kellesi.

Onuň göreji başy şlýapaly, gözleri äýnekli bir alyma sataşdy. Suwçy başyny ýaglyk bilen bogupdyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar (nakyl).

Başy sagyň — maly tükel (nakyl).

Seresap gep daşa gala, biseresap gep başa bela (nakyl).

2. Käbir medeni ösümlikleriň däneli hanasy.

Bugdaýyň baş görkezen uçurlarydy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Çünki käbir mekgejöwen başlary ýeterlik mukdarda tozanlanmaýar (A. Nasyrow, Türkmenistan SSR-niň kolhozlarynda mekgejöweni ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy). Bugdaý başlary ygşyldaşyp otyr («Kolhoz günleri»). 3. Bir zadyň ýokary ujy, süýr depesi. Agajyň başy çürelip gidýärdi.

4. Bir zadyň töweregi, ýany, gapdaly. Gazanyň başy gaýda-gaýmalaşykdy.

5. Kömekçi söz rolunda: Gök çaýyts başynda arkaýynlykda, Obada gürläliň şol sergi hakda («Sowet edebiýaty» žurnaly).

6. Bir zadyň başlanan ýeri, ilki ýüze çykan döwri, başlangyç.

7. Bir zadyň esasy, düýbi. Baýlygymyzyň başy pagta, Kolhozmyzyň «aşy» pagta («Sowet Türkmenistany» gazeti).

8. Wezipesi, käri boýunça beýlekilerden uly, ýolbaşçylyk ediji. Onda, baş agronom barmy? Bar bolsa, şony telefona çagyryň! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). MTS-iň baş inženeri («Sowet Türk-menistany» gazýeti). Garry çopan Mämmet biziň baş çopanymyzdyr — diýdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Baş agza — ser. Agza.

Baş agyrtma k— 1) ýürege düşmek, azar bermek, iňirdemek, irizmek. Eýsem näme meniň başymy agyrdýarsyň?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Nurjahan hem Artygyň başyny agyrtdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim);

2) bir zat ýa-da biri barada gürrüň etmek, agzamak. Bu ikisi gör näçe okuw jaýlarynyň, gör näçe hünärleriň başyny agyrtdylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Baş aýlamak — aldawa salmak, aldamak. Armanym köp öňki öten wagtyma, Başym aýlap, şikes berdi bagtyma (Mollamurt, Saýlanan eserler). Sen meniň başymy aýlama-da, näme derdiň-aladaň bolsa açyk aýt («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Baş aýlanmak — özüňi ýitirmek, huşuň gitmek, gözüň garaňkyramak, aljyramak. Eger-de meniň başym aýlanmadyk bolsa, biziň öýümiz edil şu ýerdöläniň duran ýerinde bolmaly (N. Pomma, Taýlyk hyzzyn).

Baş alyp gitmek — bütinleý çykyp gitmek, hemişelik hoşlaşmak, aýra düşmek. Ol öz tupeňi bilen hoşlaşyp, ýurtdan baş alyp gitdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Baş atmak— 1) razylyk bermek; 2) tassyklamak.

Baş bermezlik — boýun egmezlik, diýen etmezlik. Ol maňa hiç baş bermeýer.

Baş bolmak — ýolbaşçylyk etmek, ýol görkeziji bolmak. Işiň dowam edýör halka baş bolup, Seň beýik şägirdiň hem egindeşiň (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

Baş galdyrmak — garşysyna galmak, ugruna çykmak, gozgalaň turuzmak. Türküstanda kontrrewolýutsiýa baş galdyrýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Baş goşmak — 1) biri bilen durmuş gurmak, birikmek. Seniň bilen ömürlik ýaşamaga baş goşdum (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ejem dogry aýdýar, indi Täzegül ýaly birisi bilen baş goşmaga wagt ýetdi («Sowet edebiýaty» žurnaly);

2) bir işe girişmek, iş salyşmak. Bilimizi size baglaman, biz şeýle uly işlere baş goşup bilmezdik (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Baş  götermek — närazyçylyk bildirip aýaga galmak, garşylyk görkezmek, gozgalaň turuzmak.

Baş düşüm — «kim?, näme?» diýen soraglara jogap bolýan düşüm.

Baş öwretmek — ideg, müngi öwretmek (mal hakda).

Baş  urmak — bir kär bilen meşgul bolmak, bir käre ulaşmak.  

Baş   üstüne — gözüm üstüne, haýyş edýärin, men razy, men taýýar, lepbeý. Baş üstüne, ýoldaş başlyk, näme işiňiz bolsa buýruň!  (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Baş çykarmak — amal etmegi oňarmak, başaryp bilmek,ugur, ýol tapmak, çylşyrymly ýagdaýdan özüňi alyp çykyp bilmek. Her ugurdan ýüzüni gyzartman baş çykarýardy(«Sowet edebiýaty» žurnaly).

Dostum, häzir ikirjeňlemek wagty däl, aýgyt etmek, dürli kynçylykdan baş çykarmak wagty (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Baş egmek — 1) tagzym etmek, kelläňi öňe egip salam bermek. Agam. gulluk! — diýip,onuň göni öňüne geldi-de, elini döşünde goýup, başyny egdi. Ýagşy ýigit, sala salanyňyz üçin, siziň öňüňizde baş egýärin    («Sowet edebiýaty» žurnaly);

2)      boýun egmek, boýun bolmak.

Başa barmak — ýol almak, şowuna düşmek, düzelmek,ugrutmak. Bizi şeýle nadaralyklar bilen aldatmak başa barmaz («Sowet Türkmenistany» gazýeti).Plansyz iş başa barmaz.

Başa bela gelmek — betbagtçylyga uçramak,  başa iş duşmek.Başa bela dilden  geler (nakyl).

Başa çekmek — bir bada içmek, içip goýbermek.Wepa sesini  çykarman, onuň uzadan kružkasyny başyna çekdi  (A. Gowşudow, Eserler).

Bokallaryn, düýbünde galan şeraplary bir ýere sarkyryp başyna çekdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Başdan sowmak—birinden, bir zatdan dynmak, başyňy gutarmak.   

Başy asmana ýetmek — razy bolmak, göwni hoş bolmak,begenmek. Berekella, Saran beg! — diýse besdi. Onuň başy asmana ýeterdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Şatlykdan başy asmana etdi.

Başy boş — ärsiz aýal, dul aýal. Aýal adam bolup başy boş gezeniňden birine melamatyňy ataýsaň kem däl(N. Pomma, Taýlak hyzzyn).  

Başy çatylmak — gürrüňdeş  bolup oturmak, duşuşmak.

Başy  çykmak — habarly bolmak, seljerip bilmek, bilmek. Men suratdan kän bir başy çykýan adam däl    (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Olaryň bu zatlardan başy çykasy ýok (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Başyna goýbermek — öz akymyna goýbermek, öz ugruna, öz ygtyýaryna goýmak. Iwan Petrowiç tiz wagtdan hojalygyny başyna goýberdi we atasy pakyryň ýola goýan tertibini gowşatdy(A. S. Puşkin,   Saýlanan   eserler).

Başyna dönmek — eziz görmek, gadyrly görmek, mähriban görmek.

Başyna ýetmek — bir zadyň ýa-da biriniň ýogalmagyna, ýok bolmagyna sebäp bolmak. Bu Gyratyň başyna ýeter  («Görogly» eposy).

Başyny bogmak — gelin edinmek, durmuşa  çykarmak. Biriniň başyny bogsak bolýar   (N. Saryhanow, Saýla-naýa   eserler).  

Başyny çekme k — duruzmak,  togtatmak, saklamak.  Annaguly öýlerinden sähel saýlanandan soň,yzyna gaňrylyp, derrew ýabynyň başyny çekdi  (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Başyňa döneýin — ezizim,mähribanym,  gadyrlym.

Başyňdan gum sowurmak — 1)   zähmet çekip ilemek;

2)      bir işi ýa-da başga bir zady etmedim diýip boýun almazlyk, haýýarlyk etmek.

Başyňy etegiňe salmak — ötünç sorap barmak,  günäň geçilmegini sorap barmak, günäň geçilmegini sorap ýüz tutmak,her bir zada boýun bolmak.

Başyň ýassyga etmek — hassa bolmak, syrkawlamak.

Bir başa — ýüzüniň  ugruna,   durman. 

Gara baş — ýeke-täk, bir özi, bir jan, sallah. Ýeke gara başyma näme bolanym-da näme.

Gara başyňa gaý bolmak — ser. G a ý. Orsgeldi bilen Näzik öz işleri bilen gara başyna gaýdylar  (A. Gowşudow,  Köpetdagyň eteginde).


BAŞ  [ba:ş]   II, Organizmiň käbir öýjüginiň iriňlemegi  zerarly deriniň ýüzünde ýa aşagynda emele gelýän iriňli ýara. Wüşi çaga wagtynda kellesine baş düşüpdir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).    Onuň eline baş çykypdyr.


BAŞA-BAŞ, 1. Ýekme-ýek, iki baş. Söweş başa-baş söweşden başlandy, («Mydam taýýar» gazýeti).

Ol dworýanlaryň arasyndaky duelleri — baş-baş söweşleri gadagan edipdir (Orta asyrlar taryhy).

2. Bir zady beýleki zat bilen, deňe-deň. Ony başa-baş çalyş dym (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BAŞAGAÝ, Etjek işini bilmän, özüni ýitirip ýören, öz işi bilen hars urup ýören, aljyraňňy.

Ol şol mahal horjundan zat çykarmak, tertibe salmak işi bilen başagaý bolany üçin, diňe ol ýigidiň ýüzüne bir alarylyp seretdi we hiç zat diýmän dymdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gandym aga iş aladasy bilen başagaý aýt! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol äriniň yzy bilen başagaý halda barýardy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BAŞAGAÝLYK, Özüňi ýitirmeklik, bir iş bilen hars urup ýörmeklik, aljyratsňylyk. Aşyr şol başagaýlygyň sebäbini soň bilip galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAŞAGAÝÇYLYK, ser. Başagaýlyk.


BAŞAM: başam barmak — eliň esasy ýogyn barmagy. Ol başam barmagyny agyna ýetirip, uly oýa batdy («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Eliniň başam barmagy bilen knopkany basdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BAŞARJAŇ, Işe ukyply, iş oňaryp bilýän, başarnykly, gaýratly.

Başarýan, çopanlar sürini sile heläkletmän, bir ýere toplapdyr (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Işgärlerimiziň başarjaň bolmalydygy baradaky görkezmelerini hiç wagtda ýatdan çykarmak bolmaz («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Aşgabada syýasy taýdan giň düşünjeli, başarjaň partiýa işgäriniň iberilmegini talap etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAŞARJAŇLYK, Işi oňaryp bilijilik, ugur tapyjylyk, ukyplylyk, gaýratlylyk.

Durmuş hem göreş tejribesi onda uly başarjaňlyk emele getirip-di (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Olaryň söweşjňlik başarjaňlyklaryny ýokary götermäge hem çäreler görlüpdir (SSSR taryhy).


BAŞARMAK, Oňaryp bilmek, bir işiň hötdesinden gelip bilmek, bir işi alyp baryp bilmek, oňarmak. Şunuň bilen birlikde, ony çeper sözler arkaly ussatlyk bilen görkezmegi-de başarypdyr («Edebiýat»).


BAŞARNYK, Bir işi ýerine ýetirmegi oňarmaklyk ukyby.

Her kimiň başarnygyna laýyk işi öz göwnüne gowudyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BAŞARNYKLY, Başarnygy bar bolan, ukyply, başarjaň. Energetikleriň başarnykly işleri-de uly rol oýnady («Sowet Turkmenistany» gazýeti'). Maşyn-traktor stantsiýalarynyň baý we çylşyrymly tehnikasy başarnykly işleri talap edýär (N. S. Hruşşew, SSSR-in, oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek çäreleri hakynda).


BAŞARNYKSYZ, Başarnygy ýok, işe ukypsyz, iş oňarmaýan. Patyşa Fiodor başarnyksyz, näsag we kemakyl adam bolupdyr (SSSR taryhy).


BAŞARTMAK, Iş oňartmak, eýgertmek. Awlary şu durşuna göterip gitmeklik hem oňa başartjak däl (J. Akyew, Mergeniň ogly). Biz barada aýdylanda bolsa, biz özümize başartňak her hili ýol bilen kömek etmäge şat bolarys («Sowet Turkmenistany» gazýeti).


BAŞARYK, Ukyp, ukyplylyk.


BAŞATGYÇ, Aýallaryň kellelerine atýan çabydy ýa-da ýaglygy.

Kakam ejeňe ýüpek sowsany, başalgyç iberdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ine men pylan şäherden gelnejeme bir başatgyç ýüň ýaglyk aldym (A' Gowşudow, Eserler).


BAŞAŞA [başa:şa], 1. Bir zadyň ýa-da biriniň ustaşyr, kellesiniň üstünden.

Ol topy başaşa zyňdy. Atylan ok başaşa geçdi.

2. Birinden soň, birin-den soň ikinjisi, birini goýberip.

Bu giden baglyk başaşa ekilen alma bilen garalydy. Öýlerde başaşa çyra ýanýardy.


BAŞAŞAK [başaşa:k], Kellesi aşak, başy aşak, agzy aşak, ýokarsy aşaklygyna.

Küýzäni göterip, başaşak egdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Siz meni guýa sallajak bolsaňyz, onda başaşak sallaň! («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Oraz derýanyň gyrasynda durup, suwa başaşak urdy.


BAŞ-BAŞDAKLYK, Tertipsizlik, guramaçylyk-syzlyk, özbaşdaklyk. Ýek-tük men-menlik hem baş-başdaklyk etjek bolýanlara rehimsiz darady (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Şeýle-de bolsa, baş-başdaklyk bolmaz ýaly, her kime belli bir ýumuş tabşyrmaly (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAŞBOGY, Gyňaç.

Mamanyň kürtesine ýapyşan el onuň başbogusyny arkan alyp gaýtdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAŞBOZAR, Tertip-düzgüni bozýan, kanuna boýun egmeýän, özbaşdaklyk edýän.

Başbozarlara berk çäre görülmelidir.


BAŞBOZARLYK, Ara bozujylyk, agzalalyk, öz-başdaklyk etmeklik.


BAŞBÜTIN [başbüti:n], ser. Bütinleýin.

Maýakowskiý özüniň talantyny başbütin rewolýutsiýanyň gullugyna, halkyň işine goýýar («Mydam taýýar» gazýeti).


BAŞGA, 1. Keseki, özge.

Mundan beýläk men başganyň gaýgysyna perwaýsyzlyk etmegimi goýdum («Sowet Tükmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Beýleki, gaýry, daşyndan. Başga ekin ekmän, pagta kän ekdik. Pagta kän almaga küýmüzi dikdik (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

3. Aýry, üýtgeşik.

Men, elbetde, başga gep (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men başga zat eşitdim (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BAŞGA-BAŞGA, Dürli-dürli, aýry-aýry.

Olar başga-başga zatlar aýdýarlar.


BAŞGALAMAK, Aýry etmek, özbaşdak etmek, aýyrmak, üýtgetmek.

Ine onuň şeýle bolgusyz gylyklary degnama halys degenden soň, nahar iýýän stolumy we ýatak jaýymy başgalamaly boldum (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BAŞGAÇA, Başga hili, öňküden aýry, başga tüýsli, üýtgeşik.

Emma iýeroglifleriň formalary Müsürdäkiden bütinleý başgaça bolupdyr * (Gadymy dünýä taryhy).


BAŞGÖTER, Başy bilen, bütinleý.


BAŞGYRTLAR, Başgyrdystan ASSR-nde ýaşaýan we türk dilleriniň toparyna  girýän ýerli halk.


BAŞDA, 1.Öň hatarda, öňde.

2. Ilki bilen, ozaly bilen, iň ilki, başdan.

Başda gyzlar Dmitriý Iwanowiçden soraşdylar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Aýal-gyzlar azat bolmaly başda, Şol işleri ýerne salyň, ýoldaşlar! (Mollamurt, Saýlanan eserler).

* Başda durmak — ýolbaşçylyk etmek, ýolbaşçy bolmak. Onuň knýazynyň başda durmagy astynda, umumy saýuz birleşipdirler (SS.SR taryhy).


BAŞDAN. Ser. B a ş d a 2.   Bu gyzlar pagta başdan başladylar.


BAŞDAN-AÝAK, Başyndan ahyryna çenli, uçdan-tutma, bütinleý, başbitin.

Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň üstünlikli geçen ongünlügine başdan-aýak syn eden moskwalylar Sowet Turkmenistanynyň sungaty, sporty, milli oýunlary, döredijiligi söýüji ýaşlaryndan bu gezekde uly tama edýärler.(Sowet turkmenistany gazýeti).

Myradyň pert-pert sözlerini Şammy aga-da başdan-aýak eşitdi («Pioner» žurnaly).


BAŞDANSOWMA, Howlugyp edilen, harsal edilen, bolgusyz, ýüzleý.

Siziň bu başdansowma hatyňyz men-ä kanagatlandyrmady. welin, özüňize bir jaýmy'? («Tokmak» žurnaly).


BAŞDAŞ, Erkegiň ilki öýlenen aýaly ýa-da aýalyň ilki durmuşa çykan äri.

Ýolliniň işiginde nahar häzirläp ýören onuň başdaş aýaly däl (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BAŞKY, Ilkinji, birinji, başdaky, ozalky.

Gyşyň başky günlerinden biridi (A, Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gapysy hem tagtadan bolman, şol başky oturdylan köne ergenekdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BAŞLAMAK, 1. Bir işe, gulluga we ş. m. girişmek.

Sypaýyçylyk bilen kitaba özümiň hyrydardygymy bildirmäge başladym .(N. Saryhanow, Saýlanan eserler). 2. Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň başlanyşyny görkezýär. Sowap başlamak, gyzyp başlamak, üşäp başlamak, öwüp başlamak. we ş. m.


BAŞLANGYÇ, Bir wakanyň ýagdaýyň ilkinji ýüze çykan, başlanan döwri, ilkinji pursaty, başlanýan ýeri. <> Başlangyç bilim — ser. B i l i m. Olaryň ogly başlangyç bilimi oba mollasynda aldy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

Başlangyç m e k d e p — ser. M e k d e p. Mährijamal sekiz ýaşyna ýetende, başlangyç, mekdebe girdi (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)..


BAŞLANMAK, 1. Ýerine ýetirilip ugralmak, iş ýüzüne geçip başlamak, girişilmek.

Şu ýylyň tomsun-da bu ýerde doňuzlar üçin tipli ýatak jaý salynmaga başlanypdy («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. ýüze çykmak, peýda bolmak, deremek.

Bu iki maşgalanyň baştutanlarynyň arasynda başlanan dostluk hem tötän ýerden döremändi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Garakçylar hakyndaky gürrüň başlanan wagtynda, şu adamda bir hili düşnüksiz gozgalaň başlandy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

3. Düşüp, girip ugramak. Çigreklije ýaz günleri başlanypdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


BAŞLATMAK, Bir işe girişdirmek, bir zady işledip, ýerine ýetirdip ugratmak.

Kolhozçylara pagta ýygymyny başlatmak.


BAŞLY. I, 1. Başy bar bolan, kellesi bar bolan.

2. göç. m. Kelleli, akylly.

* Başly terezi — ser. T e r e z i.


BAŞLY [ba:şly] II, Başy bar bolan, endamyna baş çykan. Kellesi başly oglan.

Başly adamlar Arçman kurortyna gidýärler.


BAŞLY-BARAT [başly-bara:t], Ugry-utgasy ýok, ugursyz, özbaşdak, baş-başdak.

Goşa obasyndaky bir kümäniň gapdalynda bir näçe daýhan ýanyny ýere berip, başly-barat gyşaryşyp ýatyrdy. Başly-barat gürrüň gidip durany üçinmi — onuň sözüni birbada alyp götermediper (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAŞLY-BARATLYK [başly-bara:tlyk], Ugry-utgasy ýokluk, ugursyzlyk, baş-başdaklyk, özbaşdaklyk. Şol başly-baratlygyň arasynda kä öňe geçip, kä yza galyp, wolostnoý şähere bakan at goýdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAŞLYK I, Maslahatyň ýygnagyň, guramanyň, edaranyň we ş. m. ýolbaşçysy.

Ýygnagyň başlygy dokladça söz berdi. Kolhozyň ozalky başlygy ozal Gyzyl Goşun hatarynda gulluk eden ýigitdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


BAŞLYK II, aýakg. Aýakgabyň gonç bilen burun aralygynyn ýüz tarapy.


BAŞLYK III, Plaşş we ş. m. daşky geýimiň kellä geýilýän bölumi.

Ýukajyk başlykly ýaşyl ýapynjasyny alyp, maşyna mündi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Skifleriň keäiriniň kellesine ýiti uçly başlyk geýdirilipdir (SSSR taryhy).


BAŞLYKLYK I, Başlygyň wezipesi, ýolbaşçylyk, baştutanlyk. Ol indi Lenin adyndaky kolhoza başlyklyk edýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Woýewod şäher garnizonynyň üstünden başlyklyk edipdir (SSSR taryhy).


BAŞLYKLYK  I I, aýakg. Aýakgaba başlyk etmek üçin ýararly gaýyş.


BAŞMAK, Pes ökjeli ýeňiljek aýakgap.

Onuň aýagyndaky başmagy ýere gaçjak bolup dur («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Aýagyna bolsa alabeder jorap bilen gök başmak çekdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


BAŞMAKÇY, Başmak tikýän adam, aýakgap tikýän ussa.

Başyňa düşse, başmakçy bolarsyň (nakyl).


BA'ŞNÝA. Arhitektura desgasy, gala.

Kremliň Spassk başnýasyndaky sagat 12 gezek urýar («Pioner» žurnaly).


BAŞSYZ, 1. Kellesi ýok, kellesiz.

2. göç. m. Akyl-syz, akmak. kellesiz.


BAŞSYZLYK, 1. Kellesi ýokluk, kellesizlik.

2. göç. m. Akylsyzlyk, akmaklyk, kellesizlik.


BAŞTUTAN, 1. Köpçülige ýolbaşçylyk edýän. Marks halkara işçiler jemgyýetiniň baştutanydyr (W. I. Lenin, Eserler).

2. Bir toparyň, hereketiň başynda durýan. Bu garakçylaryň baştutany bolan şu eňegi daňylgy adam humrarylyp Wepa seretdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Olaryň baştutany: — Çary Çaman kim? — diýip sorady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BAŞTUTANLYK, Baştutanyň wezipesi, köpçülige ýolbaşçyg bolmaklyk, ýolbaşçylyk.


BAŞUÇ [başu:ç], Ýatan adamyň kelle tarapy.

Batyr aga hyrçyny dişläp, gaýgyly halda başyny ýaýkady, başujunda çommalyp oturyp, ony tanajak boldy (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Enesi onuň başujunda gorkuly ýürek bilen titreýär (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Gije ýatyrdym welin, başujumda bir şakyrdy boldy («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


BAŞYNDA, 1. Bir işiň üstünde, bir ýolbaşçylyk işinde.

Institutyň başynda direktor durýar.

2. Bir wakanyň, hereketiň ilkinji başlan döwründe, birinji pursatynda.

1817-nji ýylyň iýunь aýynyň başlarynda Litseý okuwçylary okuwy gutardylar (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

3. Bir zadyň üstünde, ýanynda. daşynda, töwereginde.

Çary aganyň aýaly gazanyň başynda aýlanyp ýördi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


BAŞÝUWLUK, Baş, saç ýuwmak üçin niýetlenen gatyk, çal we ş. m. serişde.

Dursun başýuwlugyny alyp ýuwunmaga gitdi.