BAP

BAP [ba:p] I, Eserdäki esasy bölümler. Öwez partiýa taryhynyň dördünji babyna çenli okapdyr (A. Gow-şudow, Kepetdagyň eteginde).

Onuň her babyny okamda açyp, Görýerin halkymyň parlak bagtyny («Pioner» žurnaly).

Romanyň başky baplaryndan ýedisi taýyn («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Kanunymyzyň her baby, Bagt hakynda söz açýar (R. Seýidow, Bagtlylar).


BAP [ba:p] II, Laýyk, mynasyp, kybap.

Seniň şu ýaşaýşyň biziň zamanamyza bap gelmeýär, okamagyň, işlemegiň, adamlaryň arasynda bolmagyň, şadyýan ýaşamagyň gerek — diýip, ol aýtdy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Onuň köp häsiýetleri Morozowyňky bilen bap gelmeýärdi (A. Gowşudow, Eserler).


BAPDAŞ [ba:pdaş], Birine, bir zada laýyk gelýän, kybapdaş.


BAPMA-BAP [ba:pma-ba:p], Boýdan-başa, her bir babyny, hemme babyny, birin-birin. Kitap okaryn bapma-bap (N. Pomma, Saýlanan eserler).