SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AMA

AMAL, Tär, çäre, ugur. <> Amal etmek — ser. Amala aşyrmak.

Amala aşyrma k—iş ýüzüne geçirmek, ýerine ýetirmek, tamamlamak. Progressiw usullary amala aşyrmak gerek.


AMAN [ama:n], Sag-salamat, sag-aman. Ganymy sypdyrman diri, Agalarym aman galdy (Nury Annagy-lyç, Saýlanan eserler).

Aýda gelsin — aman gelsin (nakyl).


AMANAT, Özüňki bolmadyk, başganyňky, kesekiniňki.

Iň sadalaryň sadasy hem Wüşiniň donunyň amanatdygyny aňlajakdy (A. Gowşudow, Köpetdagyn. eteginde). Git-de, amanat ulaglary eýelerine tabşyr! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Bu sagat amanat. Amanada — ýamanat (nakyl).

<> Amanadyny tabşyrmak—ölmek, aradan çykmak, wepat bolmak. Bu wagt hälki agyr ýaraly bolup gelen murtlak amanadyny tabşyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


AMANLYK [ama:nlyk], Saglyk, gurgunlyk, sag-salamatlyk, aman-esenlik.


AMAN-ESEN [ama:n-esen], Sag-salamat, sag-gurgun.. sag-aman.


AMAT [a:mat], Oňaý pursat, degerli wagt.

<> Amatyny tapmak — çemesini tapmak, maýyny tapmak.


AMATLY [a:matly], Oňaýly, derekli, peýdaly, bähbitli, haýyrly.

Ol ýer seniň üçin örän amatly («Tokmak» žurnaly). Amatly wagty goldan bermegim mümkin! — diýip howatyr etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Heý, bir amatly tarapy tapylmazmy? (N. Sa-ryhanow, Saýlanan eserler). Amatly ýagdaýy elden bermezlik.


AMATLYLYK [a:matlylyk], Amatly bolmaklyk, Oňaýlylyk, bähbitlilik.


AMATSYZ [a:matsyz], Amatly däl, peýdasyz, haýyrsyz, bähbitsiz, oňaýsyz.

Daşsyz ýerler hem tekiz däl we ýöremäge amatsyz («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ykdysady taýdan amatsyz ýagdaýa duşmek.


AMATSYZ LYK [a:matsyzlyk], Amatly dällik, peýdasyzlyk, haýyrsyzlyk, bähbitli bolmazlyk, oňaýsyzlyk.

Howa ýagdaýynyň amatsyzlygyna garamazdan, kolhozçylar işiň depginini gowşatmaýarlar.