SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AMM

AMMAR, 1. Bugdaý, arpa we ş. m. galla saklanýan jaý.

Galla üçin salnan ammarlardan başga, howdan ýaly gazylan ullakan urular-da dolýardy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kolhozyň ammar hem sklad saraýynyň derwezesiniň agzy eriş-de argaçdy

(A. Gowşu-dow, Köpetdagyň eteginde).


AMMIA'K, him. Ýakymsyz ýiti ysly reňksiz gaz, azodyň wodorod bilen birleşmesi.


AMMONA'L, Partlaýjy madda.


AMMO'NIÝ, him. Arassa halda duşmaýan himiki madda; ammiaga we wodoroda bölünýän atomlar topary.


AMMYR, Körükde gyzdyrylan zady tutmak üçin ulanylýan uzyn saply, agzy egri gural.