GÜB |
||
GÜBERILMEK, ser. G ü b e r m e k. Allaly par ýorganyny sekiň üstüne ýazýar-da, güberilip ýatýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GÜBERMEK, 1. Içine ýel düşen ýaly çişmek, ýokary galyp durmak, gabarmak, pökgýermek. Häzir şol çölde güberip galan täze şäher, şowhunly, şatlykly durm, bütin ünsüňi özüne çekýär («Sowet edebiýaty» žurnal). 2. göç. m. Tekepbirlik etmek, çişmek, gabarylmak, gopbamsyramak. GÜBERTMEK, Içine ýel düşen ýaly gabartmak, gýertmek, çişirmek. Dursunyň köýnegini güberdip duran göwsi, Muhadyň ýüregini eretdi (H. Ysmaýylow. Powestler). GÜBERÇEK, Üsti tümmerçek, güberilip duran. gupbasynyň yokarky güberçegi öýüň gamşy bilen deňleşip dur. Şeýtangala barýança gazak gatyşykly türk zürrüjek öýlýeri kömelek güberçegi ýaly bolup göterlipdir (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). GÜBÜRDEWÜK, Birsyhly gübür-gübür edýän, gübürdäp seslenýän, gübürdäp duran. GÜBÜRDEMEK, ýyldyrym çakmak arkaly gümmürdemek, gübürdili
ses çykmak. Howa näçe ýakymly, mylaýym bolsa-da, bir görseň,
ýyldyrym çakyp, gök gübürdäp, güýçli çabga ýagyp
dur (
GÜBÜRDETMEK, Gübür-gübür etdirmek, gümmürdetmek, gübürdili ses çykartmak. GÜBÜRDEŞMEK, Gübür-gübür edişmek, gümmürdemek.
Posiolokdaky ak otaglarda peçler gübürdeşip ýanyp başlady (
GÜBÜRDI, Gök gürlände, peçde ot ýananda we ş.m. çykýan ses. Uzakdan eşdildi gübürdi sesi, Gürsüldedi ol parahat ýürekler (A. Nyýazow, Şygyrlar). Gögüň gübürdisi eşidilýär. Pejiň gübürdisi güýçlendi. |