SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜL

GÜL,   1. bot.  Käbir ösümlikleriň açylýan ysly gunçasy, ösümligiň tohum ýaýradyjy organy we şol ösümlikleriň umumy ady. Bu keşdäniň daşyndan garasaň bir açylyp oturan  güle meňzeýärdi, el bilen  barlamasaň, onuň matadygy hem melim däldi (A. Gowь Mähri—Wepa).

Her gülüň bir ysy bar  (nakyl).

Gülüň biten ýerinde gadyry ýok (nakyl).

Her kimiňki özüne,  gül görünýär gözüne (nakyl).

Güle kast edip degen kül bolar (nakyl).

Gülüň miwesi bolmaz  (nakyl).

2.Gözüň görejiniň üstüne  örtülýän   ak ýorka,  barda. Gözüň ýüzünde ýorka peýda bolýar, gül düşüp,    gözi   kör edýär (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş).

3. Bagananyň buýrasy. Bu bagananyň güli gowy.

4. Keçäniň ýüzüne salynýan nagyş.  Bu keçäniň güli gowy. Owadan keçe.

5. Almadyk hamyrdan çörek bişirilende, çöregiň ýüzünde emele gelýän ýanyk.


GÜLABY [güla:by], bot. Daşy torly we sary reňkli etlek gawunyň bir sorty. Gök biýaranyň içinde gülabylar düňňrilişip ýatyr (B. kerbabaew, Aýsoltan). Gyşa saklamak üçin gülaby gawunlar has durumly


GÜLALA-GÜLLÜK   [güla:la-güllük],    Uruş-sögüşsiz, oňatlyk, parahatlyk, asudalyk. Üç-dört aýlap hemmesi gülala-güllük boldy  (M. ÝU. Lýermontow, Biziň zamýanymyzyň gahrymany). Siz obadan arkaýyn boluň! Bu  ýerler gülala-güllük   (H.   Ysmaýylow,   Powestler).


GÜLAP [güla:p],  Gül suwy, gülden alynýan  atyr.  


GÜLBAN [gülba:n]: Ile    gülban    bolmak — ile masgara bolmak, masgaralykda il ýüzünden düşmek, ile gülki bolmak. Men ýalňyşypdyryn, ile gülban boldum («Sowst edebiýaty» žurnaly).


GÜLBER, Paty-puty, aňry-bäri,  goş-golam.  Puluňy ýygna-da, gülbýeriňi göterip, gelen yzyňy ýel çalmanka gaýt    (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).   


GÜLGÜZAR [gülgüza:r], ser. G ü l z a r. Dostlukly Watanmyz gülgüzar bolsun (R. Seýidow, Bagtlylar).


GÜLGÜN, Öwşün atýan gyzyl reňk, narynjy reňk. Gülgün ýüzüne günüň nury dökülen, Gezip gördüm şagalaňly zol bilen (N. Pomma, Saýlanak eserler). Altyn käse gülgün şerap, Içilýer meýdan içinde. Söweş meýdanynda bary gylawly Gollary naýzaly, gülgün ýalawly («Görogly» eposy).


GÜLDAN [gülda:n], Gül saklanylýan küýze, gül goýulýan gap. Býustuň gapdalynda iki sany güldan bar, olarda gül goýlupdyr («Mydam taýýar» gazeti). Törde bir güldan getirip goýdy («Görogly» eposy).


GÜLDÜRIJI, Gülki tutduryjy, gülkiňi getiriji, gülkülli. Güldüriji rowaýat. Güldüriji adam.


GÜLDÜRMEK,  Birini  gülmäge mejbur etmek, gülki dýeretmek.

Bolduran hem aýal,   güldüren hem   aýal (naklyl) .


GÜLE.  Argaç geçirer ýaly, erişleriň arasyny açmaga hyzmat edýän,  keseligine duran goşa gargynyň daşyna saralan eriş —dokma, tara guraly.


GÜLEBAGY.  [güleba:gy],  Ujy  gülä  baglanylyp, aýagyň bilen basar  ýaly,  gozagyň içine sallanyp düran üzeňi görnüşli halka ýüp.(Tara enjam ).


GÜLEK , Köp gülýän, gülegen.Gülek adam.

2. göç. m. Gülüp duran , owadan, gelşikli, görmegeý (ýüz, göz hakda)Ruhlary belentdi,görkleri gülek ( H.Pomma.Saýlanan eserler).


GÜLES-ÝALAS, Gülüm-ýalym.Gyzdurdy güles - ýalas edipmaňa ýüzlendi. (N.Pomma.Hyzzyn).


GÜLZAR [gülza:r], Bag-bakjaly, gülli ýer, otluk, gül ösüp. oturan ýer, lälezar, gülgüzar, gülşen. Töweregi bag-bakja, gülzar bolsa hem güýç bilen saklanylýan adam üçin ol ýeri zyndan bolýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gülzara döndirip çöllük meýdany, Barýarys bagtly beýik durmuşa ( N. Pomma , Goşgular).


GÜLZARLYK [gülza:rlyk], Bag-bakjalyk, çemenlik. lälezarlyk. Bir çemenlik, gülzarlyk ýerde  düşledi («Görogly» eposy). Göwün galkyp, gülzarlykda gül açýar ( N. Pomma , Saýlanan eserler).


GÜLKI, 1. Göwün hoşluk, içki guwanç, şatlyk sebäpli yzly-yzyna çykarylýan ses. Onuň gülküsini beýlekiler hem alyp Göterdiler (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Kiçijik çagalaryň şatlykly gülküleri eşidilýärdi («pioner» žurnaly). Gülke gülmeseň, göwni galar (nakyl).

2. göç. m. Gözgülban, ile betnam, gülkünç, masgara. Ile gülki, masgara, şalha-şalha donuňyz (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ile gülki bolup durmak.


GÜLKÜLI, 1. Gülki döredýän, gülküni getiriji, gyzykly. Güljahan, okaýarkak, sen gülküli felýetonlar ýazýardyň («Sowet edebiýaty» žurnaly). Oba adamlary kartinany, tsirk ýa-da şonuň ýaly gülküli tomaşalary halaýarlar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gulküli erteki. Gülküli waka.

2. Şatlykly, begençli. Gülküli, şatlykly günler.


GÜLKÜLIK, ser.  Gülkünç.


GÜLKÜNÇ, Gözgülban, ile gülki, masgaraçylykly. Gyzlaryň edebini, gylygyny, oturyşyny-turşuny bilmeýän ýigitleriň şol wagtky. döreden obrazlary nähili gülkünçdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Mürze aga oňa örän gülkünç göründi (M. Ýbrahimow, Ol gün geler).


GÜLLE, Gurşundan ýasalyp, tupeň bilen atylýan togalak ok. Duşmanlara gyzgyn gülle paýradan Pulemiotçylara ýalkymly salam! (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


GÜLLEMEK, 1. Gül açmak, gül çykarmak, gül getirmek. Özleriniň ýaşaýşynyň belli bir döwründe olar gülleýärler (W. A. Tetýurew, Botanika).

2. göç. m. Ýokary ösüş derejesinde bolmak, pajarlap ösmek. Gülläp ösýän Türkmenistan ilinden, şöhrat saňa . dokuzynjy gurultaý! (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

3. Almadyk hamyrdan çörek bişirilende garalyp ýüzi galmak. Güllän çörek.


GÜLLETMEK, 1. Güllemäge mümkinçilik bermek, gül getirtmek, gül açdyrmak. Tohum almak üçin ýorunjany gülletmek.

2. göç. m. Bag-bakjalyga, gülzarlyga öwürmek. Garagum çölüni gülletmek hakda, Iki garry uzak gürrüň etdiler ( N. Pomma , Goşgular).

3. göç. m. Ýokary derejede pajarlap ösdürmek. Watany gülletmek.

4. Çöregiň hamyryny gowy aldyrman bişirip, çöregiň ýüzüni galdyrmak. Çöregi gülletmek.


GÜLLI, 1. Tutuş gül bolup ýatan; çemenlik, lälezarlyk. Gülälekler ýygyp, gaýtdyk şähere, Emma unutmarys gülli meýdany (A Haýydow, Gök asman).

2. Gül getirýän, güli bar bolan. Gülli ösümlikler howasyz ýaşap bilmezler (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).

3. Gül basylan, gül nagşy çekilen. Gülli jorap örmek.


GÜLMEK, Gülki döretmek (yzly-yzyna gülküli ses çykarmak. Aýsoltan jakgyldap gülenini duýman galdy (B. kerbabaew,' Aýsoltan).

  • Gülüp kese ýykylmak — bir zada hezil edip yzygiderli gülmek. dowamly gülmek, gülüp gyzyl gyran bolmak.
  • Üstünden gulmek — birini ýaňsylamak, birini gülki astyna almak, masgaralamak.

GULMYH [gulmy:h], 1. Eýeriň gaşyna, mebele kakylýan owadan kelleli çüý.

2. dialog. ser. T e b l e. Gyraty gülmyhdan bent etdi («Görogly» eposy).


GÜLMÄN-YŞMAN [gulmän-yşma:n], Hiç gülmän, asuda halda, ýylgyrman. Bir togalak ýigit gülmen-yşman käýindi ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).


GÜLÜMJIREMEK, Çala ýylgyrmak, gülumsiremek. Atynyň agyzzyrygyny aýryp, Altyna gülümjiräp bakdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gyz: — Erte! — diýp, göz astyndan, Näzli gülümjiräp bakdy. (R. Seýidow, Bagtlylar).


GÜLÜMSIREMEK, ser. G ü l u m j i r e m e k. Ala gözleri näme üçindir, ýene şol sekuntda göwünsiz gülümsiredi. Ol gülümsiräp, Durdy bilen içgin sözleşmek isledi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Gurt, senem bu ýerlere düşüpsiň-ow!— diýip, gülümsiredi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÜLÜM-ÝALYM: g ü l ü m-ýalym etmek — ýalandan gülümjirän bolmak, ýaranjaňlyk etmek, güles-ýalas etmek, ýaýaplamak.


GÜLÜNDIRMEK, Bir zatdan gönendirmek, bir zat berip kanagatlandyrmak, begendirmek.


GÜLÜSTAN [gülüsta:n], Güller mesgeni, tutuş güllük ýer. Aşgabat, men seni gülüstan diýdim    (K. Işanow, Watan uçin). Seniň bellän ýoluň bilen düz ýöräp, Watanmyzy gülüstana öwürdik  (A. Kekilow,  Saýlanan eserler).


GÜLÜŞDIRMEK, Başgalary güldürmek, köpçüligi güldürmek. Märekäni gülüşdirmek. Oturanlary gülüşdirmek.


GÜLÜŞMEK, Bilelikde gülmek, köpçülik bolup gülmek. Şeýlelikde, degşimek, gülüşmek ýaly gyzykly gürrüňçilik başlanýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Muhadyň bu sözüne gyzlaryň bir näçesi hykyrdaşyp gülüşdiler (H. Ysmaýylow, Powestler).


GÜLHANA [gülha:na], Gül ekilýän hem-de ösdürip ýetişdirilýän jaý, gül hojalygynyň jaýy. Bu jaý Kislowodskidäki iň gowy, gülhanalaryň biridir (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GÜLÇÜLDEMEK, Gütläp ýere gaçmak, ykjam ýere ýykylmak. Ýere gülçüldäp ýykylmak. Gülçüldäp degmek.


GÜLÇÜLDI, Gütläp degmekden ýa-da bir zada jaý urulmakdan çykýan ses. Gütläp gaçan zadyň gülçüldisi eşidildi. Gülçüldi batly çykdy.


GÜLÇÜLIK, Gül ösdürip ýetişdirýän hojalyk. Gülçüligi ösdürmek.


GÜLŞEN, ser. G u l z a r. Güneşdir, gülşendir döşleriň seniň ( N. Pomma , Saýlanan eserler). Ýüpek geýip çykar gülşen baglara (R. Seýidow, Bagtlylar).


GÜLÄLEK, bot. Ýazyna meýdanda bitýän ýuka ýaprakly gyzyl gül. Ýaz günleri gülälekler açylyp, Gülüp bakýar Günüň altyn nuruna ( N. Pomma , Saýlanan eserler). Gelin-gyzlar şol meýdanda şemally günüň gülälegi ýaly hereket edýärdi (B. kerbabaew, Aýsoltan).


GÜLÝAIDY, Palasa, kurtä we ş. m. salynýan, pişme pisint, uç sany atanaklaýyn çyzykdan ybarat nagyş. Gülýaýdy nagşy bilen kürte bejermek.


GÜLÝAKA, 1. Turkmen gelin-gyzlarynyň ýakalaryna dakynýan tegelek, ýüzi gaşly bezeg şaýy. Gülýakasy. Güne, ýüzlýeri Aýa, Düşüp dur şöhlesi daglara, çaýa (N.Pomma, Saýlanan eserler).

2. Tahýa, kurtä salynýan nagyş ady.