SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜJ

GÜJEŇ-GÜJEŇ: güjeň-güjeň etmek — ser. güjeňlemek. Güjeň-güjeň edip ýörmek.


GÜŽ.EŇLEMEK, Tamşandyrjak bolup, zadyňy buýsanyp görkezmek, bir zadyňy bermän görkezmek, güjeň- güjeň etmek. Tilkiler ýüňi ýeten guýruklaryny bulaýlayardylar ,güjeňleýärdiler (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜJÜK , Itiň we ş. m. ýaşajyk çagasy . Ol Ýolbarsyň güjügini ulalyp , öz sygyryny yaralaşyny we awçylykda gören başga gyzykly zatlaryny gürrüň bererdi.( A. Gowşudow. Mähri – Wepa).


GÜJÜKLEMEK. Itiň we ş.m ýaşajyk çagasy bolmak


GÜJÜM. .bot. Ownuk şahaly , gür ýaprakly,miwesiz  ullakan agaç. Baky mergen dagy güjümiň düýbündäki

Ýazylgy gülli keçelýeriň üstünde oturyp, çaýyň başynda tirseklep, söze  başladylar   (N.Pomma, sebäbini soň bildim).


GÜJÜRDEMEK, güjür - güjür edip gürleşmek, wajyrdemek (çaga gepleşigi hakynda).


GÜJÜRDI,  Başly-barat çaga gürrüňi,  wüjürdi.