SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÜR

GÜR, Arasy ýygy, arasy biri-birine gaty ýakyn bolan, selçeň däl. Gözel eje penjeräni açyp, gür baglygyň içinde saýraýan bilbilleriň owazyny diňleýärdi (B. Pürliew, Ilkinji gün). Töweregindäki gür tokaýlyk hyşadan başga ne oba bar, ne-de çatma (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Onuň gür gara sakgaly hem saňňyldap durýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GÜR-GÜR: gür-gür silkinmek — yzly-yzyna silkinmek, öwran-öwran silkinmek. Şol wagtda agynap galan dor alaşa gür-gür silkindi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜRELMEK, 1. Arasy biri-birine ýakyn bolmak, ýygy bolmak, ýygalmak. Tokaýyň agjy barha gürleýär. 2. ýygy-ýygydan, çalt-çaltdan, tiz-tizden ýüze çykmak. Emma tüpeň sesi kem-kemden güreldi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜRELTMEK, 1. Biri-biriniň arasyny ýygy etmek, ýakyn etmek, aralaryny ýygaltmak.

2. Ýygy-ýygydan, çalt-çaltdan, tiz-tizden ýüze çykarmak.


GÜRJI, gepl. d., zool. Kiçi tohumly itleriň ady. Gaýyň it bilen gürjüden emele gelen, burny tilkiniň burnuna örän çalym edip duran ýaşajyk saryja güjük trotuaryň ugry bilen bir öňe, bir yza ylgaýardy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Howluda kiçijik bir gürji jöw-jöwläp üýrýärdi.


GÜRZELEK, Deşli, gabarasy uly, gaba.

* Gürzelek  sakgal — ser. S a k g a l. Ol: — Ähem! — diýdi-de, timar berlen gürzelek sakgalyny sypady («Kolhoz günleri»). Halnazaryň garşysynda duran orta boýly, zeýtun donly gürzelek ak sakgaldy. Gürzelek çal sakgalyň kimdigini täze hyzmatkär bilmese-de, onuň haýbatyndan sussy baslyp, derrew ýabysyny jylawlady (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜRZI, Demir  ýenjilýän ullakan  agyr çekiç, ýekedabana  meňzeş  gysga  saply  gural. Seni gürzi bilen ýenjer  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜRLEWÜK, Gür-gür edýän, gürrüldili ses çykarýan. Gürlewükler gürläp, ýyldyrym çakyp, Käte bolsa ýagýar ýaz aýy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


GÜRLEMEK,  1. Gürruň etmek, söz sözlemek, geplemek. Hekim kel köp gürledi («Sowet   edebiýaty» žurnaly). Ölen-ýiten bolmadyk bolsa ýagşy — diýip, sorag hökmünde gürledi  (A. Gowşudow,   Powestler we hekaýalar).

2. Gürrüldili ses etmek, arlamak (ýolbars, gaplaň we ş. m. Hakda) Gaplaň gürlär gaýasynda, Jeren gezer saýasynda ( Türkmen halk şahyrana   döredijiligi»).   Ol   yzly-yzyna ýyldyrym çakyp, üznüksiz gök gürleýänini hem şagal çabga ýagýanyny aňlady    (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÜRLEŇGÜJÜK, zool. Ýumşak ýerde  guýguç şekillje çukanak edinip ýaşaýan kiçijik möjejik. Men inha şu köşkde ýeke özüm gürleňgüjük ýaly aýlanyp ýörün («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÜRLETMEK, Gürrüň berdirmek,   söz sözletmek,gepletmek. Ony ýygnakda gürletdiler. Ýeke özüni gürlet.


GÜRLEŞMEK, Pikir alyşmak maksady bilen gepleşmek, gürrüň edişmek, sözleşmek. Eziz Artygy yanyna çagyryp, onuň bilen mylaýym gürleşmek küýüne düşdi. (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Ine oturgyçda otyr gürleşip, Bag astyna goşa gül biten ýaly («Sowet edebiyaty» žurnaly).


GÜRLÜK I, Arasy ýakynlyk, selçeň dällik, ýyglyk Tokaýyň gürlügi. Ekiniň gürlügi.


GÜRLÜK II, Gaňňanyň ýan agaçlaryny birleşdirýän egri agaç. Çerkez geýim salyp barýan at torbasyny gaňňanyň gürlüginden  çözüp  aldy-da, taýharyň burnuna geýdirip, gulaklarynyň ýeňsesinden  berk baglady ( B.Kerbabaew, Yhlasa—myrat).


GÜRMEK,  1. Üýşüp duran, bir ýere toplanan. Uzakdan bir gürmek oba göründi. Ýaňky owlak şu gürmek geçiniň arasyna siňdi.  

2. Üýşmeleň,  topar, üyşmek (adam köpçüligi hakda). Amany şol gürmekden gözle.

3. bot. Tohumynyň daşy tutuş ownujak   gylçyk, tikenjik bilen örtülen birýyllyk haşal ot.


GÜRMEKLIK, 1. Köp adam üýşen ýer, üýşmeleň, köpçülik (adam hakda). Ýaýlym şu gürmeklige urup gitdi.

2. Gürmegiň köp biten ýeri, gürmegiň köp gögerenýeri. Gürmeklik meýdan.


GÜRMETOP, Toýuň soňunda ýakyn aralyga köp at göýberlip geçirilýän ýaryş, çapyşyk.


GÜRP: orta gürp—orta hal, orta dereje.Meniň işe gelen kolhozym raýonda orta gürpde barýan kolhozlaryň biridi («Kolhoz günleri»). Obanyň orta gürpündäki demirçi ussanyň bolgusyz dükanynyň

töwereginde janly hereket başlandy (A. Gowşudow, powestler we hekaýalar).


GÜRPBASSY, Duzak hökmünde edilýän, üsti bilinmez ýaly edilip ýuka basyrylýan çukur, garym. Tanklaryň  geljek ugrunda tank geçmez ýaly çukurlar gazypdyrlar, gürpbassylar edipdirler (A. Gowşudow. Mähri—Wepa).


GÜRPÜLDEMEK, 1. Gurpüldili ses çykmak, gürpüldi seslenmek.

2. göç. m. ýykylmak. Göwnüme bolmasa, onuň hem aýagynyň asty gorp atýan ýaly, şu gün ýa erte ol-da gürpüldär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜRPÜLDETMEK,    1. Gürp-gürp etdirip ses çykarmak.

2.  Bat bilen ýykmak. Meniň ýönekeýje bir pitirim hem ony düýäniň üstünden bagy üzülip gaçan gal-ýaly gürpüldeder    (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜRPÜLDEŞMEK, Yzly-yzyna gürpüldemek, köp ýerden gürpüldili ses çykmak. Batly, basýan aýak sesler gürpüldeşdi (R. Seýidow, Bagtlylar).


GÜRPÜLDI, Ýumşak ýa-da  berk däl zada urlanda çykýan ses. Howuzda öl geýimlere urulýan saply tagtanyň gürpüldisi geldi (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GÜRRE: gürre örmek — birden turmak, birden galmak, toplum bilen turmak, uçmak. Gäwüşini çalyp, rahat ýatan süri gürre örýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÜRRÜLDEMEK, Gürrüldili ses çykmak, gürrüldäp seslenmek. Yzymyzda gürrüldäp motor sesleri eşidilmäge başlady (K. Işanow, Watan üçin).


GÜRRÜLDETMEK, Gürrüldili ses çykarmak. Motory gürrüldedip işletmek.


GÜRRÜLDI, Dwigatelь işlände, maşyn ýörände, çarh aýlananda we ş. m. çykýan ses. Samoliot howada gulaçlap gürrüldi saldy (N. Pomma, Saýlanan eserler). Myradyň soňky sözleri duşlaryndan dazlap geçen ýük maşynynyň gürrüldisine goşulyp, zordan eşidildi (B. Pürliew, Ilkinji gün).


GÜRRÜŇ, Pikir alyşmak üçin sözlenilýän söz, gepleşik. Jumanyň gürrüňini pionerleriň hemmesi örän ünsli diňlediler («Bahar»). Maňa bagbançylyk hakda gaty gyzykly gürrüň edip berdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Begenjiň janygyp edýän gürrüňine Aýsotltan ynamsyz ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

*  Gürrüň açmak — bir mesele barada gürrüň edip başlamak, söz açmak. Şu ýakynda bolup geçen ýygnakda Gürrüň açdy Baýram möhüm zat hakda («Sowet edlebiýaty>> žurnaly).


GÜRRÜŇLEŞMEK, Pikir alyşmak üçin gürrüň edişmek, özara gepleşmek, sözleşmek. Onuň bilen degşip, gürrüňleşer ýörýerdim ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn). Hawa, men çalarak kakdyryp gürrüňleşip gördüm weli, Tyllagözelem oňa garşy däl ýaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GÜRRÜŇSIZ, 1. Hiç bir hili bahanasyz, hökman. Men, gürrüňsiz boýun bolmaly boldum (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. «Dogrudan-dogry, gös-göni, hakykatdan-da» diýen manydaky giriş söz. Munuň özi, gürrüň-siz, eposyň gowy tarapydyr («Görogly» eposy).


GÜRRÜŇÇI, Gürrüň etmegi gowy görýän, gürrüň etmegi gowy başarýan, gürrüňçil. Gurt gepleşmegi, gürrüňleşmegi gaty söýýän gürrüňçi adam hem bolsa, şu burunlak bilen iki günläp bir agyz gepleşmän saklanyp bildi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GÜRRÜŇÇIL, ser. G ü r r ü ň ç i.


GÜRRÜŇÇILIK, Köpçülik tarapyndan üýşülip edilýän gürrüň. Bu gürrüňçilige bolsa golaý-goltum. Oba goňşular-da gatnaşýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gürrüňçilik hem durdugyça gyzyklanýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GÜRS-GÜRS, ser. Gürsüldi.

<> Gürs-gürs urmak — çalt-çalt urmak (ýürek hakda). Şolmuka, şol dälmikýa? — diýip, ýüregi gürs-gürs urýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Şadynyň ýüregi gürs-gürs urýardy («Bahar»).


GÜRSÜLDEMEK, Gürsüldili işlemek, gürs-gürs edip seslenmek. Häzirem bir hili ýüregim gürsüldäp dur (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Aýnanyň ýüregi gürsüldäp urdy (B, kerbabaew, Aýgytly ädim).


GÜRSÜLDETMEK, Gürs-gürs edip seslendirmek.


GÜRSÜLDI, 1. Ýürek, damar batly, güýçli uranda we ş. m. çykýan ses.

2. göç. m. ýürege düşýän howsala. galagopluk. Ýagmyryň dyzyndan ysgyny gaçdy, Ýüregine elhenç gürsüldi düşdi («Sowet edebiýaty» žur-naly).


GÜRÜM-JÜRÜM: gürüm-jürüm bolmak —birden gözden ýitmek, ýitirim bolmak, zym-zyýat bolmak. Goýun itleriniň biri gürüm-jürüm boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Be, ol bu zatlaryny taşlap, nire gürüm-jürüm bolduka (N. Pomma, Egri eýikmez).