SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IKA

IKI


IK [i:k], Ýüň, pamyk we ş. m süýümli zatlar egrilýän sada el guraly. Pökgeniň aýaly pyrlanyp duran igini saklady-da, gülümsiräp, gürrüň diňlemäge durdy. Bike hem igini egrip gulak salýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Nurjahan igini egirmäge başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň bir elinde ikdir gapak bardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


IKARALYK [ika:ralyk], 1. Bir iş, waka bilen ikinji bir iş, waka aralygy, şol aralykdaky wagt, pursat. Şu ikaralykda düýş hem görüpdirin («Kolhoz günleri»),

2. Iki zadyň arasy, aralygy.


IKATÝOK [ikatýo:k], zool. Köplenç özi höwürtge ýasanman başga höwürtgede guzlaýan we bir ýurtdan ikinji ýurda göçýän tokaý guşy. Aşak gapdaldan üçünji brigadanyň ýerindäki işläp ýören üç sany traktoryň sesi, ikatýogyň we gaýry guşlaryň sesleri — bularyň hemmesi goşulyp, kolhozçylary has şatlandyrýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Näme beýle ikatýok ýaly gaýtalap dursuň? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).