SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IKA

IKI


IKI, 1. 2 Tsifriniň ady we onuň mukdary. Ine şu obada iki sany garyp dost maşgala ýaşaýardylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Mahlasy, iki ýürek birlikde gopýardy, ikisiniň hem maksady bir maksatdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol gije-gündiz diýmän iki elini ýaryşdyryp işleýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Öwez ol iki brigadaniň her birinde bolmaly komsomollaryň hem atlaryny ýazyp taýýarlan eken (A. Gowşudow, Köpetdagyň. eteginde).1 Iki adam bir adamyň taňrysy (nakyl).

Bir gören tanyş, iki gören garyndaş (nakyl).

 Iki aýakly iki günde (nakyl).

 Iki goçuň kellesi bir gazanda gaýnamaz (nakyl).

 Iki at depişer, arasynda eşek öler (nakyl).

2. ser. Ikilik . *Iki nokat — ser. N o k a t.


IKIBAŞDAN, gepl. d. Bolmanda-da, öňi-soňy, barybir. Meň ikibaşdan gitmeli boldum.

IKIBIR [ikibi:r], Iki-ikiden, iki-iki bolup, iki adam bolup. Ikibir, üçbir üýşüp, adamlar aljyraňňy gürrüň edşiýärdiler. Atbaşçylar ikibir, üçbir, kä yza, kä öňe bakan at goýdular (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Aradan köp wagt geçmänkä, ikibir, üçbir bolup, brigadirler gelip başladylar. Kolhozçylar ikibir, üçbir ýaplanyşyp ýatyrdylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IKIBIR-IKIBIR [ikibi:r-ikibi:r], ser. Ikibir.


IKIGAT, Göwresinde çaga galan, aýagy agyr.Toýly, hamyladar bolan göwreli. Wagt geçip, Adybegiň aýaly ikigat bolýar («Görogly» eposy).


IKIGEPLI, Aýdan-diýeniniň üstünde tapylmaýan ,wadasynda tapylmaýaň, wadasynda durmaýaň, ýalançy, ykrarsyz, lebizsiz, ikidilli.


IKIGEPLILIK, Aýdan-diýeniniň üstünde tapylmazlyk, lebizsizlik, ikidillilik.

IKIGÖWÜNLI, Bir işi edeýinmi, etmäýinmi diýip ýaýdanýan ikirjiňlenýän. Men şu wagt ikigöwünli bolup durun.


IKIGÖWÜNLILIK, Ikigöwünliniň ýagdaýy. Halnazar oňa ikigöwünlilik bilen seretdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IKIDILLI, ser. I k i g e p l i.


IKI-ÝEKE, Bir-ýarym, ýek-ýarym, ýek-tük, käbir. Gamçysyny çommaldyp gepleýän çinownikden iki-ýeke baýdan başga täze donla göz ilmedi. Başlyk bu gün gyrkymçylar, iki-ýeke çopan-çoluklar bilen bile nahar iýmäge oturdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Onuň şempa telpeginiň aşagyndan iki-ýeke ak gyl görünýän gür gara saçlary çogup çykyp durdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IKI-IKIDEN, Iki-iki bolup, ikibir-ikibir, goşa-goşadan. Agşam ýaşulular iki-ikiden ýygnanyp başladylar (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy). Iki-ikiden gelen kazy, Barmydyr gyş günüň ýazy? («Görogly» eposy).

IKIÝÜZLI, Her kime bir söz berip ýöreň iki tarapa-da hyzmat edýäň dil berýäň ikidilli, biwepa. Şu geçi sakgal baryp ýatan kezzap, ýalançy, mekir we ikiýüzli adamdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Olar ikiýüzlüleri we adalaňyz adamlary paş edýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Emma seniň söz urşuň pursat arap ýören ikiýüzli ýesere çalym edýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ikiýüzliniň ýüzi gurasyn (nakyl).


IKIÝÜZLÜLIK, Her kime bir söz berip ýörmeklik, ikiýüzliniň ýagdaýy, bolşy. Gogolь hökümdarlyk edýän synplaryň wekilleriniň ikiýüzlüligini, adamkärçiliksizligini, haýasyzlygyny we ujypsyzlygyny rehimsiz paş etdi (N. W. Gogolь, Eserler).


IKIÝYLLYK, Möhleti iki ýyl bolan .Ol ikiýyllyk respublikan partiýa mekdebini gutarandan soňra, agitatsiýa bölüminiň müdirligine bellendi («Tokmak» žurnaly). Men ertir ikiýyllyk Gyzyl Goşun gullugyna gidýärin (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


IKILEMEK, 1.Bir işi bileleşip etmek, iki bolup ýerine ýetirmek. Bu agajy ikiläp ýykdyk.

2. Biriniň daşyna iki bolup geçmek, birini iki bolup urmak. Olar ony ikiläpdirler.


IKILENÇ, 1. Ikinji gezek, ýaňadan, täzeden gaýtadan, ýamaşgan. Ah, oglum!—diýip, Berdi aga ikilenç Annaguly bilen ýene görüşdi. Annaguly ikilenç: — Sag boluň'— diýip, käsesini goýup turdy. At  bedredäki suwy içip gutardy, Annaguly ikilenç çekip çykaryp görkezdi, at içmedi (A Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Mundan beýläk, indiden bu ýana, dagy-duwara.

Şuny urup bilmesem, men ikilenç elime tüpeň almaryn (J. Akyew, Mergeniň ogly).


IKILETMEK, Bir işi iki bolup etdirmek, iki bolup ýerine ýetirtmek.


IKILIK. 1. Ikini bildirýän tsifr. Owadan ýazylan ikilik.

2. Ýetişigiň bäş bally sistemasynda «kanagatlanarsyz» diýen bahany aňladýan san. Hatda mugallyma Sona ikilik hem goýmandyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Oýnalýan iki gülli kart. Ikilik oýun

4. Käbir zatlaryň ölçegini kesgitleýän san. Ikilik galoş.

* I k i l i k    e t m e k lyk, ikiýüzlülik etmek.


IKILÄN-ÜÇLÄN, Ikiden-üçden iki ýa-da üç bolup, iki-üç. Gowaçanyň içinde kolhozçy köp bolmasa-da ,ýerde ikilän-üçlän işläp ýörenlere göze  ilýärdi (B.Kerbabaew, Aýsoltan). Öýüň töwereginde   ikilän-üçlän owlakly geçi görünýär. Köçäniň her bir kwartalynda işçiler ikilän-üçlän düşüp galýardylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IKINDI,  Gün ýaşmazynyň öň ýanyndaky wagt, gün ýaşmazynyň öňüsyrasy. Bu gün hem Gün ikindi baran mahaly, obanyň orta gürpündäki demirçi ussanyň bolgusyz dükanynyň töwereginde   janly   hereket başlady  (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). ikindä ýakynlapdyr (A. Gowşudow, Eserler).


IKINDIN [ikindi:n], Ikindi bilen giç agşam çenli bolan wagt. Ikindinler mal-garalar ýygnam Yzynda çopanlar sürüp gelýärdi (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


IKINDINARA   [ikindi:na:ra],  Ikindi  bolanda, ikindi wagty, ikindi çagy. Bir gün Altyn ikandinara guýa suw almaga bardy. Bir gün ikindinara  kolhozçylar kolhoz saraýynyň agzyna    üýşüp, gürrüň edişip, durdular.   Aknabat eje tomus  aýlarynyň   bir ikindinara sygryny sagyp, eli süýt bedreli öýüne gelýärdi   (A. Durdyew,    Saýlanan eserler). Dynjyk alandan soň ikindinara, ýoldaşlary bilen asmana uçdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IKIRJIŇLEMEK, Ikigöwünlilik  etmek, böwrüňi diňläp durmak,  aýgyt edip bilmän durmak, ýaýdanjyramak. Maňa ýaramaýan ýeri seniň şol aýgyt edip bilmezligiň,

ikirjiňlemegiň, iki aşdan galmagyň! ikirjiňledi. Täçli dilmaç kartasyna gaýta-gaýta seretdi-de, ikirjiňledi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Begenç ýüzüni aşak salyp, ikirjiňlemek bilen:—Biz niräk barýarys? — diýip sorady  (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Öwez ilki ikirjiňleýär. («Görogly» eposy).


IKIRJIŇLETMEK,    Ikigöwünli etmek, böwrüňi diňletmek, ýaýdanjyratmak. Bütin arçynlaryň, Eminleriň, emeldarlaryň diwana çagyrylan gününde, wolostnoýyň oňa gitmän galmagy ony   biraz   ikirjiňletdi. Emma Mehinliniň yzda galmagy, gitjek ýolňnyň garaňkylygy ony biraz ikirjiiňletdi (B. Kerbabaew. Aygytly ädim).


IKIRJIŇLEŞMEK. Ikigöwünli bolşup ýaýdanjyraşmak.


IKIRJIŇLI. Ikigöwünli, ýaýdançly.


IKIRJIŇSIZ,   Ikiöwünlilik  etmäň ,ikirjeňlemän, ýaýdançsyz. Ol ikirjiňsiz hereket edýär (Sowet edebiýaty» žurnaly).


IKIÇÄK, Diňe iki bolup, iki adam bolup, ikilik-de.  General stoluň üstünde karta ýazdy, ikiçäk gürleşmäge oturdylar.   Eziz nätanyş adamyny ikiçäk kabul etdi. Tig Jons bilen Eziz ikiçäk sözleşdi ( B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).   Ol aýal çykandan soň, ikiçäk galdylar  (A  Gowşudow, Eserler).


IKIÝAN [Ikiýa:n], Iki tarapy, iki gapdaly, iki ýüzi. Köçeleriň ikiýan gyrasyny  owadan jaýlar   bezäpdir. («Sowet Türkmenistany» gazeti). Saçlarynyň  ikiýan çekgesinden ýaňyjyk ak görnen peşeneli aýal bu gün Aýsoltanyň gözüne örän mähirli göründi  (B.Kerbabaew, Aýsoltan). Olar gapynyň ikiýanynda durup sözleşdiler.  Alaşa Artygyň ikiýan gapdaly bilen oýnaklap başlady  (B   Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IKIÝANLAÝYN [ikiýa-nlaýyn] Iki taraplaýyň, Iki gapdallaýyn, iki tarapdan. Aýsoltan ikiýanlaýyn hereket edip, adamlar kerwenini alyp  barýan ekskalatora aýak basanda, aşagyna gözi ilmedi  (B   Kerbabew.Aýsoltan).  Siz daýaw bir ýigidi öňüňize salyň-da iki ýanlaýyn gamçylap, şäheriň içine bütin köçebe-köçe aýlaň. (Myraly).


IKIÝAŞAR, Iki ýaşa ýeten iki ýaşly (düýe we ş. m. hakda).