SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IRG

IRGIN [i:rgin], Bir zatdan halys iren, bizar bolan, peteň bolan, bez bolan, ýadan. Ýasawul  janyndan irgin halda sözüni dowam etdi  (A. Gowşudow. Powestler we hekaýalar).

Durmuşdan irgin bolsaň, bar zatdan bizar bolar ekeniň («Kolhoz günleri»).


 IRGINLI [i:rginli], Ýadaw, argyn; ýadadýaň ardyrýan. Uzyn günüň irginli ýolundan sarsygan jemagt özüni ullakan şäheriň goltugyna atmaga taýynlanýardy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


IRGINSIZ [i:rginsiz], Irmän-armaň yzy üzülmäň, birsyhly, ýadawsyz. Aýsoltanyň irginsiz zähmeti, dynwsyz aladasy netijesinde gowaça günsaýyn üýtgäp, onuň göwnüni günsaýyn galkyjakladyp, iň soňunda şu günki görnüşine gelip ýetdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Kolhozyň täze başlygy ýaltanmazak hem irginsiz adamdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IRGINSIZLIK, [i:rginsizlik], Yzy üzülmezlik, birsyhlylyk,  ýadawsyzlyk, irmezeklik. Gel,    bu gaty görse-de, «Dileme, dileme» — diýip tabşyryklar berse-de, «sat! » diýen irginsizlige tutaýyn-da oturaýyn ( N. Saryhanow , Saýlanan eserler).


IR-GIÇ [i:r-gi:ç], Iň soňunda, bir wagt, irde-giçde, iru-giç. Ir-giç gelmeli-hä bolarsyň!


IRGÖZIN [i: rgozi:n], Ir bilen, gijä galman, gün ýaşyp garaňky düşmänkä, irräjikden. Göýä toýçy ýaly bu joşan ahwal,   nä sebäpden üýşdülerkä irgözin? (N. Pomma, Saýlanan eserler). Bular irgözinden biri-birine gygyryşyp başladylar («Görogly» eposy).