SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IRR

IRRATSIONAL, 1. filos Idealistik filrsofiýada paýhas, akyl çatmaýan.

2. mat. Bitin ýa-da drobь, ratsýonal san bilen dogry görkezip bolmaýan.


IRRATSIONALIZM, Idealistik filosofiýada hakykaty irratsýonal diýip hasaplaýan hem-de logiki akyl ýetirişi inkär edýän aňrybaş reaktsýon ugur.


IRRIGATOR, oba h.  Irrigatsiýa işi boýunça spetsialist. At gazanan irrigator diýen hormatly ady dakmak.


IRRIGATSION, oba h. Irrigatsiýa degişli bolan suwaryş. Ýurduň irrigatsýon hojalygyny ösdürmek barada biziň partiýamyz we Sowet döwletimiz hemişe ýadawsyz alada edýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ähli ýerlerde irrigatsýon setь arassalanýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Irrigatsýon desga.


IRRIGATSIÝA- oba h. Suwsuz ýerleri emeli ýol bilen suwaryş. Irrigatsiýa we melioratsiýa işleri bolsa ep-esli derejede giňeldi («Sowet Türkmenistany» gazeti).