SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IRI

IRI [i:ri], 1. Ownuk bolmadyk, maýda däl, uly.

2. „«Uly göwresi bolan göwrümi uly bolan daýaw. Meniň süňkbaşy iri ullakan göwräme laýyk ullakan kelläm  bar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

3. Uly tutumly, köp material mümkinçiligi bolan ýaýbaň. Iri hojalyga onun başarjaň ýolbaşçylygy her bir edim-de duýulýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IRIGÖZ [i:rigöz], Iri zatlary geçirýän, gözleri iri bolaýn (elek we ş. m. barada). Goýy damjalar irigöz elekden geçen bugdaý ýaly ýagýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Men suwsadym, suw içesim gelýär Maňa irigöz elekden suw berseň uklaryn («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


IRIZMEK [i:rizmek], Bizar etmek, ýürege düşmek, bizar-peteňe getirmek, ýadatmak. Bu eşikler meni halys irizdi. Sen şu gün «gitjek-gitjegj» bilen meni halys irizdiň (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


IR-IÝMIŞ [i: r-iýmiş], Miweleriň umumy ady, dürli miweler. Kolhozyň bag-bakjalaryndaky ir-iýmişleriň baly goýaldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bu haltalaryň içinde ir-iýmişler, süýde bişen külçeler  bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


IRIKMEK [i:rikmek], Bir zatdan irmek, halys bolmak, ýadamak, berçikmek.


IRIMTIK [i-rimtik], ser. I  r i m ç i k.


IRIMÇIK [i:rimçik], 1. Birneme iri, onçakly ownuk bolmadyk,  geregiçe maýda bolmadyk,

iriräk. Onuň irimçik endigan dişleri akjaryp  görünýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Uly göwreli, görümi uly, daýaw.Olaryň gatyrlary hem onuň Owganystanda gören gatyrlaryndan irimçikdi (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). Ol uzyn boýly, irimçik adamdy («Sowet edebiyaty» žurnaly).

3. Inçe däl, nepis däl, ýogyn. Irimçilik gyldyrganly çäkmen ilkibada onuň kirli endamynyň gijisini getirýän ýaly duýuldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Irimçik ýüň matalaryň işlenip çykaryşy 88 protsent artdy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


IRINJEŇ,  Bir işi  göwnemän irinip ýerine ýetiryän. Ol örän irinjeň adam.


IRINJEŇLIK,  Bir işi   göwnemän, irinip ýerine ýetirjelik. Bir işe başlanyňda irijeňlik etmek. Irijeňlik bilen ýerine ýetirmek. Telpegini  duldan  ildirlernlerinde, ýerinden turup almaga irindi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Çagyrylan ýere irinme, çagyrylmadyk ýerde görünme (nakyl).


IRIŇ, Organizmiň öýjüklerinde emele gelýän erbet ysly, sarymtyl gök reňkli goýy suwuklyk. Ýarada iriň emele gelipdir.


IRIŇLEMEK, Organizmiň öýjüklerinde iriň emele gelmek, iriň emele gelip başlamak. Hojam, onuň degen ýeri azyp iriňlemese-de biridir (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bir näçe wagt geçenden soň, trahomaly göz çylpyklamaga we iriňlemäge başlaýar (S K Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş).


IRIŇLETMEK, Iriň emele getirtmek. Ýaraňyzy iriňledipsiňiz.


IRIS, Şokolad reňkli, kubik şekilli, süýtden gantdan taýýarlanýan konfetiň bir sorty. Bir kilogram iris aldym.


IRIŞME, Uýana we kellekä baglanyp. atyň, eşegiň we ş. m. alkymyndan gaýdýan zynjyr. Ol heniz başyna irişme, arkasyna howut degmedik tez mal ýaly deprendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Meret ýabynyň uýanyny salyp, irişmesini külterläp, eýeriň gaşyndan asdy-da, ýüzüniň ugruna münüp, şähere gitdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).