SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IRK

IRKI [i:rki], 1. Ir bilen bolan ertirki, azandaky Irki smena gelen laborantkalar Zawodyň ýanynda bolupdyrlar jem («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Bir zadyň başlangyç döwrüne degişli bolan ilki döwrüne degişli bolan, öňki. Irki ýaz sürümini wagtynda geçireliň1 («Sowet Türkmenistany» gazeti). Irki kelem ekilip gutaryldy.


IRKILDIRMEK, Çala uka gidermek, ymyzgandyrmak. Peçiň ýany adamy irkildirjek.


IRKILIŞMEK, 1. Uklaşyp oturmak. Erteki diňläp oturan çagalar irkilişip başladylar.

2. göç. m Irginsizlik bilen garaşmak.


IRKILMEK, 1. Çala uka gitmek, uklamak, ymyzganmak. Aýnaguly ýabynyň üstünde edil irkilýän ýaly yranyp, obanyň içinden geçip barýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bahar daňa golaý azajyk irkilip bildi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. göç. m. Asuda, ýuwaş, parahat halda bolmak; irginsiz garaşmak. Bu görnüş irkilip ýatan Garagum üçin täzelik däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>ÝEdi ýoluň üstünde irkilmek — ser. ÝOl.