SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LAB

LAW

LAG

LAZ

LAÝ

LAK

LAL

LAM

LAŇ

LAP

LAR

LAS

LAT

LAU

LAF

LAH


LAGAMMYR, Gyzdyrylan demriň ujuny halka etmek üçin ulanylýan ýasy ýa-da togalak agyzly atagyz. Elli ussanyň işleýän jaýyna barsaň, körüginiň ýanyn-da gürzüsini, lagammyryny we beýleki senetlerini görmek bolýardy.

LAGAR, Garrap sandan galan, ysgyn-mydardan düşen, arryk, hor düşen. Lagar düşdüm, awum alyp bilmeýän (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Ak lagar ýaby bolsa barha ýakynlap gelýärdi, («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onuň maşyny-ha lagar düşen düýe ýaly ýatagyndan hem çykanok (N. Pomma, Egri eýikmez).

LAGERЬ, 1. Meýdanda ýa-da tokaýlyk, daglyk ýerlerde wagtlaýyn ýaşamak üçin duralga, düşelge. Pionerler lagerde dynç alýarlar. Harby lagerь.

2. göç. m. Jemgyýetçilik-syýasy topar ýa-da ugur, akym. Demokratik lagerь döredi («Türkmenistan kommunistik» žurnaly). Iki lagerь arasynda çylşyrymly göreş gidýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3.  Tussaglar we harby ýesirler saklanylýan ýer. Faşistler lagerlerde saklanýan harby ýesirleri urup-ýenjip horlapdyrlar.


LAGNAT, Gargyş, nälet. Bergiňi bermeseň, görgä galarsyň, Mydam lagnat siňen pyşdyl bolarsyň («Tokmak» žurnaly). Jeňler körügni ýandyran, Jellatlara edýän lagnat («Sowet edebiýaty» žurnaly). Men dileg edýärdim, lagnat aýdýardym, aglaýardym, gülýärdim (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymanlary).

LAGNATLAMAK, Gargyş etmek, nälet etmek. Oglum, seniň kakaň pakyr jan berende, şolaryň neslini lagnatlap gitdi (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

LAGNATLY, Gargyş siňen, nälet siňen, näletli. Şu iki röwşen obrazyň parallellikde berilmegi lagnatly penjesini. geren ganym duşmana ýigrenç döredýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

LAGTA, Lokga tutan suwuklyk (köplenç gan hakyn-da). Gan lagtasy.

LAGTA-LAGTA, Bir näçe lokga baglan, lokga tutan, goýulaşan. Lagta-lagta gara pürlerini aşak sallaşyp süýşýän gara bulutlar Dnepriň üstüni syrýarlar (N. Jumaew, Ak derek).

LAGŞAMAK, 1. Könelmek, ugry gaçmak zerarly bozulmak, sandan çykmak. Ussa bir lagşan arabany söküşdirip otyrdy.   Öňki wagtlar olar  lagşan garajr öýde ýaşaýardylar.

2. Garrap, gujurdan galmak, sandan galmak. Emma ol ýaşynyň könelmegine, göwresiniň lagşamagyna garaman, ýigitlik kuwwaty bilen ylgady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).    Çepiksi  göwresi lagşan, gaşlaryna çal sepen gürrüňdeşine ýüz tutdy (G. Kulyew,. Köpetdagyn. aňyrsynda).


LAGŞARMAK, ser.   Lagşamak. Üzük, durluk tapjak bolup lagşardyk, Ýazda ýandyrardy, gyşda gagşardyk ‘(«Tokmak» žurnaly).


LAGŞATMAK, 1. Köneltmek, bozmak, sandan çykarmak. Köp ulanyp lagşatmak.

2.  Garratmak, gaçyrmak, gowşatmak. Iş ony lagşadypdyr.

3.  göç Güýjüni gaçyrmak, güýçden düşürmek. Halklaryň türk hökümdarlygyna garşylyk görkezmegi osman imperiýasyny lagşadypdyr (Orta asyrlar taryhy)


LAGŞAŞMAK, 1. Könelişmek, bozulyşmak, sandan galyşmak. Gara öýler, çatma we telerler lagşaşyp gidipdirler.

2. Has garramak, garraşmak, gujurdan galyşmak, gowşaşmak. Onuň lagşaşan süňkleri  şykyrdap gitdi  (G. Kulyew, Köpetdagyn aňyrsynda).

LAGYL, Gyzyl reňkli gymmat baha daş, ýakudyň  goýy gyzyl reňkli görnüşi. Söýgüli mekanym, eý Türkmenistan, Lagyl dek lowurdap bolduň dürüstan. Sende  brilliant kän hem   lagly-merejen.(«Sowet  edebiýaty» žurnaly). Lebi lagyl, geýdigi al, jenneti ryzwan bäri gel («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


LAGYRDAMAK,   1. Bagyrdap  ses  etmek, bagyrmak (mal hakynda). Bu Hally şahyryň lagyrdap duran göherdine döňüpdir ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn) 

2. Galmagal etmek, köp geplemek, zeýrençli geplemek.   Näme lagyrdap ýörsüň?’

3.  Gorkudan ýaňa titremek, sandyramak. Ol gorkup lagyrdap otyr.


LAGYRDATMAK, Lagyrdyly seslendirmek, lagardyly ses etdirmek, bagyrtmak.


LAGYRDAŞMAK, 1. Bagyryşyp ses edişmek, bagyryşmak. Suw çekýän erkekler lagyrdaşýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Gygyryşmak, galmagallaşmak. bolgusyz köp gürrüň edişmek, galmagally zeýrenişmek.

3.  Gorkudan ýaňa sandyraşmak, titreşmek. Lagyrdaşyp otuomagyň geregi ýok.


LAGYRDY, Düýe bagyranda çykýan ses.