LAS | |||
LASYRDAMAK, Gaty gaýnap lasyrdyly ses etmek, Gaty gaýnamak. Radiatoryň suwy lasyrdap ugrady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ýönekeý narzan bygyrdap çyksa, sulьfatly narzan ýarma gaýnaýan ýaly lasyrdap çykýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). LASYRDATMAK, 1. Lasyrdyly gaýnatmak, gaty gaýnadyp lasyrdyly ses etdirmek, gaty gaýnatmak. Radiatoriň suwuny lasyrdadyp we buguny burugsadyp, belent depelere çykmaly bolýardy («Sowet edebiýaty» žurnay). 2. göç. m. Ýakyp barmak, gaty gyzdyrmak (gün hakda). Beýnileri lasyrdadýan günüň howry ýüregiňe urýardy.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). LASYRDAŞMAK, Bir näçe ýerde lasyrdap gaýnamak, gaýnap ses edişmek, gaýnaşyp durmak. Gazanlar lasyrdaşyp gaýnap dur. Olar ýagyş damjalary degende bygyrdaşyp, äpet gazanlardaky toşap ýaly lasyrdaşyp gaýnaýardylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly). LASYRDY, Bişirilýän zadyň gaýnamagyndan çykýan ses.Gazan lasyrdap gaýnaýar. LASYR -LASYR: l a s y r-l asyr etmek lasyrdap dowamly gaty gaýnamak. Çopanyň gazanjygy lasyr- lasyr edip gaýnaýardy (B. Kerbabaeý, Aýgytly ädim). |