LAP | |||
LAP [la:p] : 1) lap etmekhakyky bolşundan çişirmek, ulaldyp aýtmak, ulaldyp görkezmek.Anaguly käwagtlar bir hana sogrup, lap edip aýtdygym däl, hut üç düýp gowaçanyň daşyndan bir sagatlap aýrylmaýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Onu gözüniň öňünde äýnekde görünýän ýaly bolup barýar-da diýsek, lap etdigamiz bolmaz (A. Gowşudow, Mährş pa) ;2) lap urmak has ulaldyp, ýalan gürrüň etmek, güplemek. Pyrkat eýýamynda Mejnunşonça köplap urmasyn (Myraly). LAPBA, Gaty, berk, birden, tiz. Onuň gany lapba gyzdy-da, dodaklaryny müňküldetdi. Pökgi wala özüni lapba ýere goýberdi (B. Kerbabaew, Aýgytlyädim). Doktoryň ikuçsuz jogaby onuň ganyny lapba gyzdyrdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). LAPBAÇ, ser. M a ç j a. Meýdanda guran sygyr lapbaçlary bardy. LAP-LAP: lap-lap etmek 1) ,gaýtalanýan ses bilen ýalynly ýanmak. Peçiň ody lap-lap edip ýanyar. · 2) güýçli gyzmak, ýanyp barmak (temperatura hakda). Syrkawyň endamy lap-lap edýär. LAPLAMAK, 1. Ot alyp tutaşmak, tutaşanda ses edip ýanmak, lap-lap edip ýanmak. Ot laplap yanyar. 2. göç.m. Gyzmak, ot ýaly ýanmak, temperatura ýokarlanmak. Ýeriň ýüzi laplap ýanýardy. Haýatlaryň güneş tarapy çalaja laplap ýanyp durana meňzeýärdi. («Sowet edebiyat žurnaly). Endamym laplap gyzdy. LAPYKEÇ [la:pykeç], Arzuwy, maksady amala aşman keýpi gaçan, keýpi bozulan. · Lapykeç bolmak- eden işiň şowuna düşmän, halys irmek, bozulmak, keýpiň gaçmak. Aşyrgeldi ýaly kolhozçylar lapykeç boldy.(«Kolhoz günleri»). LAPYKEÇLIK [la:pykeçlik], Lapykeç halda bolmaklyk, keýpi bozuklyk. Olar lapykeçlik bilen aşak oturdylar («Mydam taýýar» gazeti). Ýol boýy zeýrenip,için ekýärdi, Lapykeçliginden nala çekýärdi. Özüniň (pabedasyna») münüp, şofioryna lapykeçlik bilen ýüzlendi («Sowet edebiýaty» žurnaly). LAPYRDATMAK, gepl.d. Howlugyp şapyrdadyp iýmek, dökän-saçan owurtlap iýmek. Lapyrdadyp unaş iýmek. Lapyrdadyp, çorba iýçmek. LAPYRDY, Belke, unaş ýaly suwuk naharlar edepsizlik bilen iýlende agyzda emele gelýän ses, hopurdy, şapyrdy. |