LAR | |||
LARÝOK, Uly bolmadyk dükan. Ençeme larýok açyldy.(«Türrkmenistan kommunisti» žurnaly). Baýberdi gelmezinden birneme öňräk, Bibigül larýoga bardy («Sowet debiýaty» žurnaly). Şu laryok Çkalow köçesiniň burçuna göçürilip getirildi («Tokmak» žurnaly). LARÝOKÇY, Larýokda işleýän satyjy. Aşyr şäher-de laryokçy bolup işleýär. LARS-LARS: lars-lars etmek gaýtalanýan larsyldaly ses bilen gaýnamak, aram-aram larsyldap gaýnamak. Agyrlaç lars-lars edip gaýnaýan toşabaň reňki öwrülipdir (B. Kerbabaew, Aýsoltan). LARSA: larsa galmak birden çişmek, gaty çişmek (ten hakda). Wüşi kel köýnegini yokaryk çekip, yagyrnysyny görkezdi, taýagyň degen eri larsa galyp, ýol bolup durdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). LARSA-LARSA: larsa-larsa galmak pökgerip-pökgerip çişmek, pökgerip bir näçe ýerde çişmele gelmek (ten hakda). Endamynyň käýeri larsa-larsa galypdyr (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). LARSYLDAMAK, Lars-lars edip gaýnamak, larsyldyly gaýnamak. Gazan larsyldap gaýnaýar. Larsyldap gaynaýan toşap syçrap, onuň elini ýakdy. LARSYLDATMAK , Larsyldyly gaýnatmak, lars-lars etdirip gaýnatmak. Ol larsyldadyp gazanyny gaýnatýardy. LARSYLDY, Bişirilýän zat goýalandan soň gaýnamakdan çykýan tutuk, agras ses. Bişip duran mäşewäniň larsyldysy eşidilýärdi. |