SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LOW

LOG

LOD

LOK

LOM

LOŇ

LOP

LOR

LOT


LOŇK: loňk etmek — duran ýerinde ýa-da bir ýerden ikinji ýere towusmak, bökmek (esasan guş hakda). Ol loňk edip eýläme geçdi, beýläme geçdi, iň soňunda meni ölüdir hasap etdi (Myraly).


LOŇK-LOŇK: l o ň k-l oňk etmek — yzygiderli loňkuldap ýöremek, towusmak, towsup ýöremek, loňkuldamak. Ol ýaby loňk-loňk edip içimi düşürdi.


LOŇKULDAWUK, Loňk-loňk edýän, löňk-löňk edip ýöreýän, löňküldäp ýöreýän (atyň, eşegiň gezeri hak-da). Loňkuldawuk ýaby.


LOŇKULDAMAK, 1. Loňkuldyly ýöriş bilen gitmek, loňk-loňk edip ýöremek; ylgamak, lönk-löňk edip ýöremek, löňküldemek. Ýaby loňkuldamaga başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Hemişe onuň töwereginde ýelgalamak ýaly pyrlanýardy, buýran ýumşuna loňkuldap ylgaýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýörese hem kelte tirkelen ýaly loňkuldap, yzyndan galmaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Arabanyň ýa-da ulagyň Üstünde aşak-ýokary galyp towsup oturmak. Onuň göwnüňe ol köp wagt bäri arabanyts üstünde loňkuldap gelýän ýa-!ibь( (D p. Çehow, Saýlanan eserler).


LOŇKULDATMAK,  Loňkuldyly   ýöriş bilen  sür-Çek, loňk-loňk etdirip ýöretmek,   loňkuldawugyna gitmek. Aty loňkuldadyp sürmek. Eşegi loňkuldadyp çapdyrmak.


LOŇDULDAŞMAK, Bir näçe bolup loňkuldap gitmek, bilelikde loňkuldamak, loňk-loňk edişip ylgaşmak. Alakalar loňkuldaşyp garyň üstünde aýlanyşýardylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


LOŇKULDY, Atyň, eşegiň ön hem art aýaklaryny atgezegine atyp gidýän gezeri; loňk-loňk edip ýöreýşiň, ylgaýşyň bir görnüşi, löňküldi.