SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LOW

LOG

LOD

LOK

LOM

LOŇ

LOP

LOR

LOT


LOT, Gäminiň bortundan deňziň çuňlugyny ölçemek üçin gural, pribor. Lot oklap bulançak deňziň düýbüne, Nirde ekenligmiz biraz çen etdik (Ş. Borjakow, Kaspi kenarynda).


LOTERE’ÝA, Biletler boýunça pul, haryt utuş tiražy.


LOTO’, Nomerli şary çykaryp, aýratyn kartadaky çykan nomerleriň üstünde çöp goýup oýnalýan oýun. Agşamlaryna üýşüp, loto oýnaýardylar.


LOTOK, Maýda harytlary aýlap satmak üçin ýörite ýasalan, uly ýaşşik görnüşli, tigirli enjam. Dürli zat satylýan lotoklaryň öňünden gitdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol köçedäki lotoklaryň satygçylaryna tabşyryşdyrdy («Tokmak» žurnaly).


LOTOKÇY, Lotok bilen zat aýlap satýan satyjy. Köçedäki lotokçylara-da tabşyrypdyrlar («Tokmak» žurnaly).


LOTULYK, Lotynyň gylyk-häsiýeti, lotynyň özüni alyp baryş ýagdaýy.


LOTUÇYLYK, ser. L o t u l y k.


LOTY, 1. Iş-güýç etmekde haýal turup galýan, hasy.

2. gepl. d. Deň-duşlary bilen oturyp-turup, bar zadyny gysganmaýan, jomart.