SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NIW

NIG

NIÝE

NIK

NIL

NIM

NIR

NIÇ


NIÇEZAR, [niçeza:r], Haçana çenli, haçana deňeç. Niçezar men her ýyl olara ýaşik almalymyşym? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Heý doňuzlar, niçezar size aýdyp etdirmeli bolar? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


NIÇIGSI, gepl. d. ser. N i ç i k.

Biz ýene niçigsi zatlar eşiderkäk? (Şekspir, Otello). Kim bilýär niçigsi, nedir hyýaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).


NIÇIK, gepl. d. Nähili, neneňsi, nätüýsli. Ýoluň açyk, saýlap niçik kär tutsaň, ýoluň açyk, haýsy tarapa gitseň (A. Haýydow, Gök asman). Alysdan göründi bir gara nokat, Bilmedim men onda niçik hereket (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Niçik ýagdaýyňyz, halyňyz niçik? Ara daş bolsa hem, birdir ýüregmiz (N. Pomma, Saýlanan eserler).