SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NIW

NIG

NIÝE

NIK

NIL

NIM

NIR

NIÇ


NIKA, [nika:]. Kanun boýunça resmileşdirilen är--aýallyk gatnaşygy. Dürli kastalardan bolan adamlaryň arasynda nika gadagan edilipdir.  (Gadymy dünýä taryhy). Nika Biziň öňümizde gör nähili ajaýyp mümkinçilik açýar (M. Gorьkiý, Eserler).

<> N i k a   gyýmak — köne adata görä, durmuş gurýan ýaşlaryň biri--birlerine razylyklaryna güwä  geçmek, durmuş gurmagy adata görä resmileşdirmek, nikada duruzmak, nikalamak. Derrew toý tutuldy, nahar goýuldy, Ol agşam bulara nika gyýyldy (A. S. Puşkin, Ertekiler).

<>Nika s u w y — köne däp  boýunça  nika gyýlanda  berilýän süýjülik suwy. Her kime owurt-owurtdan nika suwy paýlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly    ädim).

<>Nika ýaşly— nika  girmäge kanun  boýunça  ýaşy ýeten. Bir  ýyly ýetenok nika ýaşyna    («Sowet edebiýaty»  žurnaly).

<>Nikany bozmak — resmi är-aýal bolup ýaşamagy bes etmek, aýrylyşmak.


NIKALAMAK, [nika:lamak], Nika gyýmak, nikaly etmek, nikada duruzmak. Men gyrnak hem bolsam, şerigat kanunyna göre nikalamasaň, meniň ýanyma gelmersiň (Myraly).


NIKALANMAK, [nika:lanmak], Nika gyýylmak, nikaly edilmek, nikada durmak.


NIKALAŞMAK, [nika:laşmak], Resmi ýagdaýda biri--birin bilen nika girmek, biri bilen nikaly bolmak,  ýazylyşmak. Meniň ilden çykgynçlyk eden işim ýok, biri bilen tirkeşip, öýden gaçyp gitmedim, ýöne atam--enemden geňeşsiz nikalaşdym. Bahar hem eýýäm biri bilen nikalaşypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NIKALY [nika:ly], Nika gyýlan, nikada durýan. Kaka, men ozaldan biri bilen nikaly ahyryn (A. Gowşudow, Köpetdagyn etgginde).


NIKASYZ [nika:syz], Nikasy bolmadyk, nikada durmaýan, binika.


NIKELIN, Misiň, nikelin we marganetsiň birlikdäki ergini.


NIKELLEÝJI, Nikelь çaýyjy, nikelь çalyjy.Nikelleýji ussa. Nikelleýji tseh.


NIKELLEMEK, Nikelь çaýmak, nikelь çalmak. Gap-gaçlary nikellemek.


NIKELLENMEK, Nikelь çaýylmak, nikelь çalynmak. Magazinde nikellenen çäýnek satylýar. Nikellenen  krowatь.


NIKELLETMEK, Nikelь çaýdyrmak, nikelь çaldyrmak. Welosipediň ramalaryny nikelletmek.


NI'KELЬ, Kümşe meňzeş ak metal. Nikeliň öndürilşii barha artdyrylýar.


NIKOTI'N, Temmäkide bolýan narkotiki jisim, çilimiň zäheri, awusy.