SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NIW

NIG

NIÝE

NIK

NIL

NIM

NIR

NIÇ


NIÝET, Bir zada, işe öňünden döreýän isleg, hyýal, maksat. Sekizmüňçüler hataryna giräýmek niýetim hem ýok däl. Aýsoltan öz duýgusyny duýdurmazlyk niýeti bilen, ejesiniň sözüni kesdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Sen şu ýerik näme niýet bilen geldiň?! (N. Saryhanoz, Saýlanaýa eserler). Aýna ejesini ugratmak, ýene kimi-dir görmek niýeti bilen düýäniň başyny idip ugrady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýagşy niýet — ýarym döwlet (nakyl).

<> Niýeti bozuk —ýaman niyetli, gara ýürekli. Päli-niýeti bozuk adam (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


NIÝETLEMEK, Bir zada, işe öňünden niýet etmek. Saňa toý gatanjy diýip, öz ýanymdan iki sany goýun bilen bir düýe bugdaý niýetläp goýupdym  (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). Maral gyza uzak ömür, Beýik bagt niyetleýäris (G. Seýitlnew, G. Muhtarow, Pьesalar).


NIÝETLENMEK, Bir zada, işe öňünden niýet etmek.