SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NIW

NIG

NIÝE

NIK

NIL

NIM

NIR

NIÇ


NIL,[ni:l] I, ýüplük, mata boýamak üçin gök Reňk.

<>Nili azan — ýoldan çykan, azgynlyk edýän, tersine üьtgän. Nili azanyň gürrüňine meňzeş bir gep tapýarlar, bir ynanar ýaly gürrüň ederler ahyryn. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde).


NIL, [ni-l] II, Ok atylýan ýaragyň  (tüpeň, nagan, top we ş. m ) okunyň geçýän turba pisint bölegi.  Egnindäki on alty nomer ýeke nil tüpeňiiniň nili onuň kellesindäki köne telpeginden hem gaty ýokarda somalyp görünýärdi  (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). özlerine tarap çenelýän tüpeňiň nilini görünýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


NILGÄR, [ni:lgär], kön. S. Boýag —nil gaýnadýan adam, boýagçy.


NILGÄRLIK, [ni:lgärlik], Nilgäriň käri, ýüplük, mata reňkleýji.