SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OTA

OTZ

OTI

OTK

OTL

OTN

OTO

OTR

OTS

OTT

OTU

OTY

OTÝ

OTÇ


OTAG I, Ýaşalýan jaýdaky bir tam. Pökgen içerik girip, Akmämmet aga salam berdi we ýüzüniň ugruna içki otaga öz kabinetine girip gitdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Okuwçylar mekdebiň pionerler bagyna her gün gelýärdiler («Mydam taýýar» gazeti).


OTAG II, Medeni ösümlikleriň düýbüni ýumşadyp, olary haşal otlardan arassalaýyş. Pagta otagyna pionerler hem gatnaşdy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


OTAGA, Gyzlaryň tahýasynyň gupbasyna berkidilýän per, bezeg, jyga. Kümüş gupba güneş nury degende,otaglar oýnar ýeller içinde (R. Swýidow, Bagtlylar).


OTAGÇY, Otag işi bilen meşgullanýan daýhan, kolhozçy.Agitator otagçylara gazet okap berdi.


OTALMAK, Otag işi geçirilmek, haşal otlardan arassalanmak. Gök ekilen ýerleriň hemmesi otalyp guaryldy.


OTAMAK, Otag işini  alyp barmak, otag işin  geçirmek.Ol gowaça otamakda, pagta ýygmakda, orak ormakda bolsun, özi ýaly gyzlardan pes durmaýar (A. Durdyýew. Saýlanan eserler).


OTAR, Mal bakylýan otluk ýer, öri meýdany. Şu gün otarda gezip ýörkäm, bir aýagy döwük towşan gördum (A,Gowşudow. Powestler we hekaýalar). Maly meýdana göýberip bakmak, öri meýdannda bakmak, otlatmak. Haçan dünýä ýüzünden tohumy kesilip, biz arkaýyn goýunlarymyzy otaryp bilerkäk! (A. Gowşudow, Köpetdagьj eteginde).

Agza gelenini otarmak — ser. Agyz. Sen öz mesligiňe çydaman, agzyňa gelenini otarýarsyň («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Garyn otarmak — ser. G a r y n. Men tudanadan bir garnymy otaraýyn («Tokmak» žurnaly). Erteki otarmak — ser. E r t e k i. Entek erteki otarmaga wagt ýok (A. Gowşudow, Eserler)


OTARTMAK, Otara göýberdip bakdyrmak, öri meýdanynda otlatdyrmak.


OTARYLMAK, Otara göýberlip bakylmak, öri meýdanynda otladylmak.


OTATMAK, Otag geçirtmek, ekinleriň düýbüni ýumşadyp, haşal otlary aýyrdyrmak.


OTAŞMAK, Otamaga kömekleşmek.