SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OTA

OTZ

OTI

OTK

OTL

OTN

OTO

OTR

OTS

OTT

OTU

OTY

OTÝ

OTÇ


OTRABOTKA, tar. Kärendesine alan ýerleri üçin daýhýanlaryň pomeşige öz maly bilen işläp bermekleri. Otrabotka sistemasy daýhanlary ezýärdi, («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).


OTRE'ZOK, tar. 1861-nji ýylda Russiýada krepostnoýçilyk düzgüni ýatyrylandan soň, pomeşikleriň daýhanlardan zorluk bilen alan ýer uçastoklary. Ýene bir närazylygy öňünden görýäris: otrezok ýerler hakyndaky meselä we ş. m. täzeden garamaklyk bu ýerleriň daýhanlara gaýtarylyp berilmegine alyp barmalydyr (W. I Lenin, Eserler).


OTRTSATELЬ, 1. Bir zada garşy çykýan, kabul etmeýän. Siziň otritsatslь jogap aljakdygyňyza gözüm ýetýär.

2. Matematikada: aýyrmak alamaty bilen alnan ululygy görkezýän, noldan aşak bolan. Otritsatelь san.

3. Fizikada: elektrona degişli bolan. Kütek burçuň kosinusy — otritsateldir («Fizika kursy»).


OTRUB, tar. 1906—1916-njy ýyllarda daýhanlaryň hususy eýeçiligine bölünip berlen ýer uçastogy.


OTRÝA'D, 1. Ýörite goşun topary. Otrýad aklar bilen güýç synanyşyp görmän, şu ýerden aýagyny hem ätmez  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir işi ýa-da tabşyrygy bilelikde alyp barmak üçin birleşen adamlar topary. Otrýad  bolup gijelerine  kolhozyň ekerançlygyna  garawulçyşk   çekmeli boldy (A. Gowşudow Köpetdagyň eteginde).

3.  biol.  Haýwanlaryň ýakynlyk meňzeşligini öz içine alýan topar. Kebelekler otrýady.