SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OTA

OTZ

OTI

OTK

OTL

OTN

OTO

OTR

OTS

OTT

OTU

OTY

OTÝ

OTÇ


OTLAG, Mallaryň otlaýan ýeri, öri meýdany. Diliň bolmasa-da düşünýen aja, Goý indi gül öwüssin çölüň, otlagyň (R. Seýidow, Bagtlylar).


OTLAMAK I, Örä çykmak, ot iýmek. Olar süri bolup gezýärler, otlaýan wagtlarynda hemişe gezegine biri garawulçylyk çekýär (A. Gowşudow, Eserler).

<> Agza gelenini otlamak — bolgusyz ýaňramak, gürlemek, samramak.


OTLAMAK [o: tlamak] II, 1. Bir zada ot bermek, bir zady ýakmak, ýandyrmak, tutaşdyrmak. Olar gapylaryndaky çöplemelerini otlajak boldular (B. Kerbabaew, Japbaklar). Elindäki ody öçüp giden papirosyny ýere taşlap, täzesini otlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Tokaý otla, at gazan (nakyl).

2. Herekete getirmek, işletmek, ýöretmek (içinden ot alýan dwigateller barada).

Aýsoltan: — Potdy, maşyny otlasana! — diýip, oňa igendi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

3. Oka tutmak, atmak, öldürmek. Duşmany rehimsiz otlamak gerek (N. Pomma, Saýlanan eserler). 4. göç. m. Çürkemek, kösemek, işini görmek.


OTLANMAK [o:tlanmak], 1. Ot berilmek, oda ýanmak, tutaşmak. 2. Herekete getirilmek, ot almak, ýöräp başlamak (içinden ot alýan dwigateller barada).


OTLATMAK I, Örä göýberip, otlamaga mümkinçilik bermek. Göleleri otlatmak. Guzyny otlatmak.


OTLATMAK [o:tlatmak] II, 1. Ot berdirmek, ýandyrtmak. 2. Herekete getirtmek, ýöretdirmek.


OTLAŞMAK I, Bir topar bolup otlap ýörmek, bilelikde otlamak. Uzaklykda otlaşyp ýören goýun sürüleri göze çala kaklyşýardy. Keýikleriň sürüsi dag eteklerinde asuda otlaşyp ýör («Sowet Türkmenistany» gazeti).


OTLAŞMAK [o:tlaşmak] II, Otlamaga, ot bermäge kömekleşmek, ýakyşmak.


OTLI'ÇNIK, 1. Okuwda örän gowy baha alýan okuwçy. Ol ýogsa-da otliçnik (H. Ysmaýylow, Powestl.er). 2. Iş-de önümçilik tabşyrygyny örän gowy ýerine ýetirýän işgär.


OTLIÇNO, Okuwda, işde iň ýokary baha, (bellik). Okuwda otliçno okamak.


OTLUK I, Otuň köp ösen ýeri, otly öri meýdany, çemenlik. Şäherden saýlanan üsti açyk maşyn kä oýmur-oýmur otluk meýdanyň, käte-de bölek-bölwk gür tokaýlygyň içinden çaltlyk bilen süýşüp barýardy (B. Kerbabasw, Aýsoltan).


OTLUK [o:tluk) II, Semawaryň turbasynyň düýbündäki üstünde ot ýanýan deşik-deşik el çekeri.


OTLUKLY [o:tlukly], Gaty dogumly, ýanyp duran, çalasyn. Ol örän çalasyn, otlukly adam. Kellesini al-asmanda tutýan gök erkek töwereginde gaýmalaşýanlara, gyk-baklara otlukly gözlerini tegeläp, ýalt-ýult garady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň ökjesi ýeňil, ýörände edil otlukly ýaly (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


OTLUK-SUWLUK, Oty we suwy bol (ýer). Uly Balkanda otluk-suwluk ýerlerin-de bolmagy mümkildi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OTLUÇÖP [o:tluçöp|, Ot ýakmak üçin ulanylýan, başy ýanýan jisimli inçejik çöpjagaz. kükürt. Sapa palьtosyny egning ýasgynjak alyp, başujundaky otluçöpi sermeledi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ernine papiros gysdyrdy-da, otluçöpüni çakmaga durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OTLY [o:tly], 1. Ody bar bolan, ot ýanyp duran. Gowaçalaryň içine girseň, otly tamdyra kelle sokan ýaly hopukdyrýardy («Sowet elebpýaty» žurnaly).

2. gepl d. Lokomotiwiň herekete getirýän demir ýol wagonlarynyň sostawy, poezd. Şäher görmek, otla münmek meselesi ony höweslendirip başlapdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<> Otly köýnek geýmek — ser. K ö ý n e k. Ballynyň soňky sözi oňa belli-beter hem otly köýnek geýdirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).