SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OTA

OTZ

OTI

OTK

OTL

OTN

OTO

OTR

OTS

OTT

OTU

OTY

OTÝ

OTÇ


OTUZ, 30 tsifriniň ady we onuň mukdary. Men ony otuz ýyl mundan ozal görenimde, uzynak güler ýüzli mele gelindi ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn). Ol orta boýly, ýaşy otuzdan agan görmegeý ýigitdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


OTUZÝYLLYK, 1. Otuz ýyl möhleti bolan. 2. Bolanyna otuz ýyl dolan wakanyň ýyllygy.


OTUZLYK- Käbir zatlarda ölçeg birligi. Gapydan giren ýeriňde otuzlyk asma çyra parlap ýanyp dur (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Otuzlyk tigir.


OTUKDYRMAK, Ot otlamagy, iýim iýmegi öwretmek. Göläni otukdyrmak


OTUKMAK, Ot otlap, iým iýmegi öwrenmek. Otugan göleler dürüşdäni iýip mydar edýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti).

<> Nebsi  otukmak — ser., Nebis. Ol, täzeden bäri nebsi otugyp, peýdasyny bilip başlapdyr («Tokmak» žurnaly).


OTUR, gram. Belli bir kada boýunça sözlemdäki sözleriň arasynda goýulýan dyngy belgi(,).


OTURA, med. Aýagy ysyaz bolan, şel bolan. Ol otura bolanlygyny bilen inden soň, öz-özünden derdinmäge oturdy  (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


OTURGYÇ, Oturmak üçin ýasalan arkasyz gaty mebeliň bir görnüşi. Ol oturgyçda oturdy-da, nämedir bir zat barasynda pikir etmäge başlady  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Ortaky otagda bir-iki sany oturgyç dur (N. Pomma. Taýlak hyzzyn).


OTURDAŞ, Halkyň sud organyna sud protsesine gatnaşmak üçin saýlaýan wekili. Saýlawlarda köp sanly halk oturdaşlary-da saýlanar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Päkgen bilen galtaşyp, suduň oturdaşy ýaly bolup oturan hem ferma müdiri Ýollidi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


OTURDAŞLYK, Oturdaşyň wezipesi, sud protsesin-de oturdaşyň  ýagdaýy.


OTURDYLMAK, 1. Bir ýerden alyp ýa-da eltip, ikinji bir ýere ekilmek (ekin hakda). Pöwrize iki gapdalyna agaç oturdyldy.

2.  Bir zat ikinji ýerde dikilip, gurlup goýulmak. Tamlaryň ikisinde hem peçь oturdyldy.


OTURMAK, 1. Iki dyzyny epip, bir ýerde ornaşmak.Wepa bilen Kelje bolup duran wakany synlap, bir gapdalda  oturdylar   (A.Gowşudow, eserler). Goçbuýnuzli keçäniň üstünde oturdylar («Tokmak» Žurnaly).

2. Belli ,bir ýagdaýda bolmak, bir zat bilen meşgul bolmak. Bütin gün öýde oturmş.

3. Kömekçi işlik funktsiýasynda ysnyşyl gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň başlanyşyny,     dowamlylygyni hem-de çylşyrymly häzirki zamany görkezýän işlik. Işläp oturmak, gülüp oturmak; ylgap oturmak, öwnüp oturmak,gidip oturmak.

<> Maňza oturmak— Maňyz. Şäherkomyň aýdan sözleri onuň maňzyna oturdy.(«Sowet Türkmenistany» gazeti).

Pisindi oturmak — ser. P i s i n t. Ýigide kapitanyň derrew pisindi oturdy («Mydam taýýar» gazeti).


OTURSA-TURSA, Häli-şindi, hemişe, elmydama, birsyhly. Çyn ýüregim bilen otursam-tursam, Beýik partiýama alkyş edýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OTURTMAK, 1. Iki dyzyňy epdirip bir ýerde ornaşdyrmak. Şeker eje çagalary öýüň içinde oturtdy (H. Ysmaýylow, Powestler). Bu sapar gyzy töre geçirip oturdy-da, özi tamyň içinde gezmelemäge başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Ösümligi bir ýerden başga bir ýere geçprip ekmek, sançmak. Indi biz ýakyn günlerde nahal oturtmaga girişjek («Mydam taýýar» gazeti). Öňürti bu ýeri üç-dört gezek sürüp, soň şaly şitilini oturdýarlar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

3. Bir zady bir ýere berkitmek, bir ýere eltip gurmak. Olar Pionerler öýüniň ýedi erikde radionokat oturtdylar («Mydam taýýar» gazeti). .

<> Tüňçe oturtmak — ser. T ü ň ç e. Men ýaňyja tüňçe oturtdym.


OTUR-TUR, Ownuk-uşak ýumuş, ojuk-bujuk iş. Biziň gyzymyz otur-tura ýarapdyr.


OTURYLMAK, 1- Iki dyzyňy epip, bir ýere ornaşylmak. Oturylar weli, ýöne ikimiziň bir agyz gürrüňimiz bardy.

2. Bir ýerde uzak wagtlap oturyp galmak, bolmak. Öten agşam köp oturyldy.


OTURYMLY, Hemişe bir ýerde ýaşaýan, göçme däl, ýerli. Türkmenleriň ikinji bölegi XIX asyryň başlarynda eýýäm oturymly ýaşaýşa geçipdir («Edebiýat»). Indi oňa oturymly ýere gitmek dogry geldi (R. Seýidow, Bagtlylar).


OTURYMLYLYK, Hemişe bir ýerde ýaşamaklyk, oturymly bolmaklyk ýagdaýy, ýerlilik.


OTURYŞLYK, Bir näçe bolup edilýän ýygnanyşyk, üýşmeleň. Ol ýokary mekdebi gutaryp çykany üçin kiçjik oturyşlyk edýär (A. Gowşudow. Köpetdagyň eteginde). Bu adam bir näçe ýyl jigit bolup gulluk eden we onda-munda oturşyklarda bolup, az-kem durmuşy gören adamdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


OTURYŞMAK, 1. Ýuwaş-ýuwaşdan ýerleşikli oturmak, hemmäň oturmak. Goçmyrat we başgalar geçip oturyşdylar (A. Gowşudow, Eserler).

2. Oturyşlyk etmek, bilelikde oturmak, üýşmeleň etmek. Ýolly kolhoz başlygy Pökgen bilen her gün diýen ýaly oturşýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Kemine deň-duş bilen oturyşmagy, saz-söhbeti söýen, meýlishalar şahyrlaryň biridar («Edebilt»).


OTURYŞ-TURUŞ, 1. Özüni alyp baryş, gylyk-hasiýet, boluş, hereket. Oturyşyna-turşuna seretseň, onuň özi bir asylly ýeriň maşgalasy bolmaga çemeli(A. Durpyow, Saýlanan eserler).

2. gepl. D. Ser: O t u r y ş l y k.


OTURYŞYP-TURUŞMAK. Biri ýa-da biri-birin bilen aragatnaşykda bolmak, aragatnaşyk saklamak, baryp-gelişmek, baryş-geliş etmek. Sag bol, Jeren Eje, oturşmaga-turuşmaga ýene wagt taparys (B. Kerbabaew. Aýsoltan).