SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖÇG

ÖÇE

ÖÇL

ÖÇM

ÖÇÜ


ÖÇ [ö:ç], 1. Birinde bolan ar, birine bolan gahar--gazap duýgusy. Taýýardy ol şol zaman, Şol kasam, şol öç bilen («Mydam taýýar» gazeti). Söweş bilen geçdi gyş bilen ýazdan, Ýüreginde öji joşduryp diňe (K. Işanow, Watan üçin).

2. Duşmanlyk, terslik, jetlik. Ol meniň bilen öçdür.

<>Öç almak — birinden ar almak, aryňy almak üçin birine ýamanlyk etmek. Adamlaryň ýüreginde faşist-ganymlardan öç almak hyjuwy joşdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ÖÇGÜN, Şöhlesi onçakly ýiti bolmadyk, solgun bolan, öçügsi. Häzir onuň gözlerinde ýigitlik çagznyň ýitiligi galmadyk bolsa hem, şöhlesi öçgün d’ldi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).