SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖÇG

ÖÇE

ÖÇL

ÖÇM

ÖÇÜ


ÖÇÜGSI, 1. Şöhlesi az bolan, çala ýagty berýän. Ýaňy dogan öçügsi Aý, Seýrek ýagtysyn saçypdy (R. Seýidow, Bagtlylar).

2. Soluk, solgun, tutuk, öçgün (reňk bara-da). Bu matanyň reňki öçügsi görünýär.


ÖÇÜK, 1. Öçüp galan, sönen (ot, yşyk hakda). Içki jaýdaky çyra öçük duran eken.

2. ser. Ö ç ü g s i 2. Getirdiler öçük yşykly öýe, Pessejik gapyny ýapdylar çeýe (A. Atajanow, Iki poema).

<> Reňki öçük — örän hor görnüşde bolan, gany gaçyk. Onuň reňki öçük ýüzi janynyň sagat däldigini aňladýardy.


ÖÇÜKLIK, Renki öçük halda bolmaklyk, solgunlyk, öçügsilik. Reňkiň öçükligi.


ÖÇÜRILMEK, 1. Ýanmagy bes etdirilmek, söndürilmek. Ýatylandan soň, çyralar öçürilýär. 2. Sürtülip aýrylmak, bozulmak (hat, tekst we ş. m. hakda). 3. Üstünden çyzyk çekilmek, çyzylmak. Bu goşgynyň soňky iki setiri öçürilipdir.


ÖÇÜRIŞMEK, Öçürmäge kömekleşmek, bilelikde öçürmek, söndürişmek. Otluk meýdan ot alanda, ody öçürişmäge kolhozçylar, mekdep okuwçylary, zastawanyň soldatlary gatnaşdylar.


ÖÇÜRMEK, 1. Ýanmasyny kesmek, söndurmek. Ýri, çyrany öçür-de, ýeriňe girip ýat! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Eli bilen ýeri peşäp, oduň üstüne gum sowurdy, Çüýşegözüň ýakan uly oduny zordan öçürdi (A. Gowşudow, Eserler).

2. Bir zadyň hereketini duruzmak, ýatyrmak (maşyn, motor barada). Kran işlediji bada-bat motory öçürdi («Pioner» žurnaly).

3. Sürtüp aýyrmak, bozmak (hat, tekst hakda). Bu ýazanlaryňy öçür-de, täzeden ýaz!

4. Üstünden çyzmak, çyzyk çekmek.


ÖÇÜRTMEK, 1. Ýanmasyny bes etdirtmek, söndurtmek. Ojakdaky ody öçürtmek.

2. Bir zadyň ýöremesini saklatmak,  ýatyrtmak, duruzmak. Işläp duran motory öçürtmek.

3. Süpürdip aýyrtmak, bozdurmak. Tagtada ýazylan hatlary öçürtmek.

4. Üstünden çyzdyrmak, çyzyk çekdirtmek. Gaty gitme, spisokdan adyňy öçürderin. Gaty gitseň, beýlekileriňi hem öçürderin (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖÇÜŞMEK, 1. Birneme sönmek, biraz sönüşmek, sönşüp başlamak. Peçiň ody öçüşipdir.

2. Biraz solmak, solgun bolmak, birneme reňki soluşmak. Reňki öçüşen geýim.

3. Güýji azalmak, howry gaçyp başlamak. Günüň howry biraz öçüşipdir  («Pioner» žurnaly). 4. göç. m. Peselmek, ýatyşmak  aýrylyşmak.