SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖÇG

ÖÇE

ÖÇL

ÖÇM

ÖÇÜ


ÖÇLI [e:çli], 1. Birinde öji bolan, ary galan, arly. Nämeden bolsa-da, onuň gaşlary çytylyp, maňlaýynyň ýygyrtlary has köpelip, göýä köneden bir öçlüsini gören ýaly bolup: — Ah, bu senmidiň?! — diýip, gaýra çekildi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2. Biri-birine duşman bolan. Öçli adamlar.


ÖÇLÜLIK [ö:çlülik], 1. Öji bar bolmaklyk, öçli ýagdaýda bolmaklyk, arlylyk.

2. Biri-biriňe duşmanlyk. Onuň goňşusy bilen şol öçlüligidir.