SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖÇG

ÖÇE

ÖÇL

ÖÇM

ÖÇÜ


ÖÇMEK, 1. ser. Sönmek. Köremesi galandan soň körügiň üstünde duran kömrüň ýylpyldylary öçüp, üýşmejik gara bolup galypdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Çilimleriniň heniz ody öçm’nke, polk komandiriniň adъýutanty Kolosowy çagyrdy (K. Işanow, Watan üçin).

Ody gozgasaň, öçer, goňşyny gozgasaň, göçer (nakyl).

2. Hereket etmekden galmak, durmak, sönmek (maşyn, motor barada). «Gazigiň» motory öçenden soň kenaryň beýle tarapynda işläp duran traktoryň gürrüldisi eşidilip ugrady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Gürünmez bolmak, süp[rilip aýrylmak. Ýazylan hat öçüpdir.

4. Geplemäňi bes etmek, lal bolmak, sesiňi kesmek. Öç, gygyrma, aýryl, ýapyşma, gapyny ýap! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

<> Reňki öçmek — 1) öçügsi bolmak, solmak (reňk barada). Bu matanyň reňki öçüpdir;

 2) ganyň gaçmak, agarmak. Ol adamynyň reňki öçüp, ýüzi ak tam boldy (A. Gowşudow, Eserler).