SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖZA

ÖZB

ÖZG

ÖZD

ÖZE

ÖZL

ÖZÖ

ÖZS

ÖZH

ÖZY


ÖZBAŞDAK [ö:zbaşdak], 1. Beýlekilerden aýry,hiç kime bagly bolmadyk, garaşsyz. Feodallar doly özbaşdak bolmaga çalşypdyrlar (Orta asyrlar taryhy). Mehinli indi özbaşdak bir hojalygyň eýesi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Özüçe hereket edýän, öz güýjüne daýanýan, öz kellesi bilen işlemegi başarýan. Ol özbaşdak adam diýip aýdýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Öz güýjüň bilen, ýekelikde, aýratyn. Marksizmi--leninizmi özbaşdak okap öwrenýänler üçin lektsiýalar okalýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÖZBAŞDAKLYK [ö:zbaşdaklyk], 1. Hiç zatdan asyly dällik, bagly dällik, garaşsyzlyk.

2. Özüňçe hereket edijilik, öz kelläň bilen iş görmeklik. Eziziň özbaşdaklygy, onda-da göni baýlaryň üstünden düşmegi Halnazara ýaramady (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim).3. Aýratynlyk, ýekelik. Özbaşdaklykda ýaşamak.


ÖZBAŞDAKÇYLYK [ö:zbaşdakçylyk], ser. Ö z b a ş d a k l y k.


ÖZBAŞYNA [ö:zbaşyna], ser. Özbaşdak. Kerim özbaşyna bir maşyny bejerjek bolup haýdaýardy.


ÖZBEKLER, Özbegistan SSR-niň ýerli halky. Türkmenler bilen özbekler goňşy ýaşaýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖZBOLUŞLY [ö:zboluşly], Özüne has bolan häsiýetli, özüne mahsus gylykly, alamatly, aýratyn. Nebitdag özboluşly ajaýyp bezege giripdir. Sungat hem özüniň özboluşly serişdeleri arkaly durmuş hakykatyny beýan etmelidir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Aslynda Ärnepes özboluşly täsin adamdy (N. Jumaew, Ak maýanyň ýoly).


ÖZBOLUŞLYLYK [ö:zboluşlylyk], Özüne mahsus alamatlylyk, özboluşly häsiýetdelik, özüne mahsus bolan gylyk-häsiýetde, aýratynlykda bolmaklyk. Turkmen halkynyň milli medeniýetiniň doly özboluşlylygy bilen tanyşmaklarynyň başlangyjyny goýdular («Sowet edebiýaty» žurnaly).