SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖZA

ÖZB

ÖZG

ÖZD

ÖZE

ÖZL

ÖZÖ

ÖZS

ÖZH

ÖZY


ÖZLENMEK [ö:zlenmek], Özli  bolmak, çeýe bolmak.


ÖZLEŞDIRMEK [ö:zleşdirmek],  1. Bir zada pugta düşünmek, bir zady öwrenmek, doly derejede bilmek. Biz himiýa sapagynda her gezekki geçilýän temany tejribe üsti bilen özleşdirýäris  («Mydam taýýar» gazeti).

2. Bir işiň täsrini ele almak. Sulьfat ýygnaýjy maşyny özleşdirmeli («Sowet edebiýaty»  žurnaly). 3. Işläp bejermek, işläp taýýarlamak. Maýsanyň saýlap alan temasy Türkmenistanyň şor ýerlerini özleşdirmek  we ekerançylykda peýdalanmak meselesidir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖZLI [ö:zli], Aňsatlyk bilen ýolunmaýan, sozulýan, çeýe. Özli hamyr.


ÖZLI-ÖZI [ö:zli-ö:zi], Öz ýakyny, öz biri-biri. Özli-özüň oturylyşyk etmek


ÖZLÜK [ö:zlük], özlük derejesi — gymyldynyň, subýektiň özi üçin edilýändigini we subýektiň öz üstünde, özi tarapyndan bolýandygyny görkezýän işlik  derejesi.