SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖZA

ÖZB

ÖZG

ÖZD

ÖZE

ÖZL

ÖZÖ

ÖZS

ÖZH

ÖZY


ÖZGE, 1. Başga, beýleki. Gurt özge wagty hem öz sypaty barada oýlansa oýlanýandyr (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Özgäni hem özüň bilen, Öňe äkit yzyň bilen. («Tokmak» Žurnaly).

2. Keseki, gaýry, ýat.

Özge duşmanyň bolmasa, babadaşyň ýukmudy (nakyl).

Iki ýakyn uruşsa, özgelere iým bolar (nakyl).


ÖZGERIŞ, 1. Bir görnüşden başga görnüşe geçiş, üýtgeýiş. Gysga wagtyň içinde uly özgeriş boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly). 2. Üýtgeşiklik, täzelik. Partiýanyň Ustawyna kebir özgerişler girizildi («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).


ÖZGERIŞLIK, Bir görnüşden başga görnüşe geçiş, üýtgeşiklik, täzelik. Durdy uly özgerişlik döretjekdigini bilmeýärdi («Kolhoz   günleri»).


ÖZGERMEK, Başga görnüşe girmek, owalky boluşdan başga hala geçmek, üýtgemek. Howanyň özgermegi hiç hili täsir döretmeýän bolara çemeli («Kolhoz günleri»). Kanal geçer, çöllerimiz özgerer, Garagum-da dürli ekin ekeris («Mydam taýýar» gazeti).


ÖZGERTMEK, Ozalky bolşundan başga hala geçirmek, owalky bolşundan üýtgetmek, üýtgeşiklik girizmek. Tebigaty özgertmek, Kyn däl sowet halkyna («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖZGYLYKLY [ö:zgylykly], Özüne mahsus gylygy— häsiýeti bar bolan. Ol özgylykly bolup işlemegi, rehimsiz tankytlamagy tabşyrýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).