SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖZA

ÖZB

ÖZG

ÖZD

ÖZE

ÖZL

ÖZÖ

ÖZS

ÖZH

ÖZY


ÖZELENDYRMEK, ýürek bilen janygyp haýyş etdirmek, jan edip soratmak, ýalbartmak. Näme ol çagany özelendirip goýaýdyň!


ÖZELENMEK, Birinden bir zady ýürek bilen ýalbarmak, haýyş etmek, jan edip soramak. Men özelenip soranymdan soň, maňa ol gyzyň kesele uçraşyny gürrüň berdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


ÖZEN, 1. Agajyň içki gaty bölegi. Agajyň özeni. Ýylgynyň özeni. 2. med. Dömüp çykýan ýaralaryň içki gaty bölegi. 3. göç. m. Bir zadyň düýp manysy, esasy ýeri, merkezi. Kommunistik partiýa zähmetkeşleriň ähli guramalarynyň ýolbaşçy özenidir («Sowet Türkmenistany» gazeti). Industriýanyň özeni bolan maşyn gurluşygynda üstünlikler gazanyldy («Mydam taýýar» gazeti).